JEMGYÝETTEHNOLOGIÝA

Ýedi ekranly kompýuter

Beýik Britaniýanyň «Expanscape» kompaniýasy dünýädäki ilkinji ýedi ekranly noutbugy öndürdi. «Aurora 7» diýlip atlandyrylýan kompýuter has professional işler üçin niýetlenendir. BU täsin kompýuter barada «Somag News» neşiri habar berýär.

Noutbugyň esasy ekrana goşmaça displeýleriň bäşisi birikdirilipdir. Onuň ekranlarynyň ählisini hem ýekeje klawiaturada dolandyryp bolýar. Kompýuteriň ekranlarynyň dördüsi 17,3 dýumlyk we 4K hilinde, galan üçüsi bolsa 7 dýumlyk we «Full HD» hilindedir.

Täze kompýuteriň tehniki aýratynlyklary barada has içgin maglumatlar berilmeýär. Şol sanda onuň bahasy hem heniz nämälim. Ýöne onuň 4 ýaderli «Intel i7» prosessory bilen işleýändigini hem-de ýadynyň 64 gigabaýta deňdigini anyklamak başartdy.

Bu täsin kompýuteri kämilleşdirmek işleri dowam edýär. Ýakyn günlerde onuň satuw üçin niýetlenen taýýar görnüşi köpçülige hödürleniler. Kompaniýanyň bilermenleriniň aýtmagyna görä, bu kompýuterler kiberhowpsuzlyk we şuňa meňzeş ugurlarda işleýänler üçin zerurdyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň başlangyjy bilen “BMG-niň oýunlary-2026” badalga aldy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini gutlady

Dünýä çempionaty başlady: Meksika we Günorta Koreýa ýeňiş gazandy