JEMGYÝET

Aşgabatda suw meseleleri boýunça sebit maslahaty geçiriler

17-18-nji dekabrda Aşgabat şäherinde suw meseleleri boýunça sebit maslahaty geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde bellenip geçildi.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň binasynda geçiriljek foruma sebitiň ýurtlaryndan hem-de bu ulgamda ýöriteleşdirilen halkara guramalardan bilermenleriň hem-de daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ýaly ulgamlardan hünärmenleriň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Maslahatyň esasy maksady Merkezi Aziýada suw-energetika hyzmatdaşlygyny amala aşyrmak üçin BMG-niň utgaşdyrmagynda maksatlaýyn iş toparyny döretmek mümkinçiliklerine garamakdan, bu ugurda sebitiň döwletleriniň özara gatnaşyklarynyň gurallaryna, degişli şertnamalaýyn hukuk binýadyny ösdürmäge, innowasion suw tygşytlaýjy tehnologiýalary işjeň ulanmaga degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 18-nji dekabrda BMG-niň Aral deňzi sebitiniň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça köptaraplaýyn maslahatlaşmalar geçiriler. Bu çärelere degişli döwlet edaralarynyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hünärmenleri we bilermenleri, şeýle-de Türkmenistanda işleýän daşary ýurt ilçihanalarynyň we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşarlar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Russiýa şalyçylyk pudagynda hyzmatdaşlyk edýär

Yslam ösüş banky Türkmenistanda 20-den gowrak taslamany maliýeleşdirdi

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

Türkmenistan-Germaniýa gatnaşyklary: sanlar we maglumatlar

«Kudo Kudo» türk fastfud restorany: Aşgabatda täze şahamçasyny açdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti: Türkmenistanda Germaniýa hödürläp boljak teklipler bar