Facebook ýa-da Mark Zuckerberg

Köp wagtdan bäri niýetlenip ýören bir taslamamyz bardy. Okan kitaplarymyz barada gysgaça seljerme bermek we kitapsöýerleri şol kitaplar bilen tanyşdyrmak. Kitap okamaga wagt tapmaýanlara bolsa höwes döretmek! Biziň seljerme beren kitaplarymyzyň hemmesi hem öz iş ýerimizde bar we okamak isleýänler 15 günlik möhlet bilen şol kitaplary mugt alyp bilerler! Ýekeje şert, kitaby yzyna öňki ýagdaýynda we wagtynda getirmek!

Taslamamyza başlamak “bugüne nesip etdi” diýeliň we “Ýaş Milyarder: Öz sözlerinden Mark Zuckerberg” adyndaky kitap  barada gysgaça seljermäni size ýetireliň! Kitaby çapa taýýarlan  George Beahm we kitabyň Iňlis dilindäki ady : Young Billionaire : Mark Zuckerberg in his own words. Kitaby türk diline Esra Ergün terjime edipdir we “Beyaz Baykuş” neşirleri tarapyndan köpçülige ýetirilipdir. Bellemeli zat,  biziň şahsy kitap tekjämizde  kitaplaryň aglaba bölegi türk dilinde ýazylan we az sanda iňlis dilinde ýazylan kitap bar. Kitaplarymyzyň aglabasy bolsa, biznes dünýäsi barada ýazylan kitaplardyr. Bu kitap biziň şahsy kitap tekjämize â„–418 belgi bilen hasaba alynan we biznes ulgamyndaky kitaplar sanawynda bolsa â„– B-114 belgi bilen sanawda durýar.

Aslynda Facebook sosial  seti barada hemmeler bilýändir. 2017-nji ýylda Facebook kompaniýasynyň ýyllyk girdejisi 40 milliard amerikan dollaryndan geçipdir we bu girdejiniň 90 göterimine golaýy sanly mahabat girdejisinden gelýär. Ýurdumyzda hem sanly mahabatyň gelejeginiň uludygyny aýdyp bileris we soňky döwürde hususy ulgamda sanly mahabata degişli täze taslamalar yzygiderli durmuşa geçýär.

Facebook kompaniýanyň esaslandyryjysy Mark Zuckerberg  1984-nji ýylyň 14-nji maýynda  New Ýork şäherinde dogulýar. Ýagny, ol häzir bary ýogy 35 ýaşynda. Ol entek 12 ýaşynda wagty BASIC programmasynyň dilini ulanyp diş doktory bolan kakasy üçin öýde we iş ýerinde ulanyp biler ýaly  “Zucknet” adynda bir programmany emele getirýär. Komputere bolan ýokary gyzyklanmasyny hasaba alyp, Markyň ene-atasy oňa ýörite kompýuter mugallymynyndan  sapak alar ýaly şert döredýär. Biz şu wagta çenli okan kitaplarymyzda şeýle ýagdaýa ýygy-ýygy duş gelýäris.  Ýagny, häzirki döwürde üstünlik gazanan dünýä belli şahslaryň  ýaşlygynda ene-atasynyň hem wezipesiniň uludygyny görýäris. Çagasynda bolan gyzyklanmalary hasaba alyp, köp ene-ata şol gyzyklanmalary ösdürer we kämilleşdirer ýaly şert döredýärler. Üstünlik üçin ilkinji ädim we goldawlar!

Mark 2002-nji ýylda dünýäniň iň abraýly ýokary okuw jaýlaryndan biri bolan Harward uniwersitetine girýär. Garward uniwertsitetiniň Hukuk fakultetini 2010-nj ýylda zyýarat edipdim we ol ýeriň psihologiki atmosferasynyň hem örän täsirlidigini duýdummykam diýýärin. Emma üstünlik gazanmak üçin diňe 1-2 sagatlyk zyýarat ýeterlik däl eken, belki şol ýerde okamak hem gerek!!!!

Mark ýokary okuw jaýynyň ilkinji ýylynda “Course Match” programmasyny talyplaryň hyzmatyna berýär.  Ol soňra “Facebooks” adynda fotosurat albomyny taýýarlaýar. Emma bu saýt açylandan 4 sagat soňra gelen tankytlar sebäpli ýapylýar. Mark soňra `HarwardConnection` taslamasyna çagyrylýar, emma ol bu taslamadan gysga wagtda el çekýär. Ol öz `The Facebook.com atly taslamasynyň üstünde işleýär we 11.01.2004 senesinde diňe Harward uniwersitetiniň talyplaryna elýeterli bolar ýaly taslamany hyzmata açýar. Soňra taslamanyň hyzmat çägi öz içine Stanford, Columbia we Yale uniwersitetlerini hem  alýar. Görşümiz ýaly, bu uniwersitetleriň hemmesi hem dünýäniň ägirtleri. Şol ýyl eýýäm bu seti 1 million adam ullanmana başlaýar. Taslamasyny durmuşa geçirmek üçin dünýäniň abraýly ýokary okuw jaýyny 2004-nji ýylda taşlan Mark, Kaliforniýa ştatyna, tas takygy Silikon jülgesine gidýär we Palo Alto şäherine ýerleşýär. Biziň Silikon jülgesi we Palo Alto şäherine eden zyýaratymyz barada aýratyn seljerme ýazmak meýlimiz  bardy!!! Gowy ýatlatdyň Mark!

Markyň taslamasynyň gelejegini gören maýadar Wenki Harinaraýan 2005-nji ýylda, ýagny, taslama durmuşa geçip başlandan entek bir ýyl geçip geçmänkä bu taslama 12,7 million amerikan dollaryna barabar maýa goýýar. Facebooka bolan gyzyklanma ýokary derejede artýar we gysga wagtyň dowamynda ýüz millionlarça adam bu sosial seti ullanmana başlaýar. 2012-nji ýylda dünýä boýunça 1 milliard adam bu sosial seti ulanmana başlaýar. Häzirki döwürde her aý milliardlarça adam bu ulgamy ulanýar. Biziň maksadymyz Facebook sosial setini tanatmak däl-de Marky tanatmak, emma, Markyň eseri “Facebook” bolanlygy üçin gürrüň köp ýerde Facebook barada bolar!

Mark heniz 22 ýaşyndaka onuň taslamasyny satyn almak isleýän kompaniýalar oňa milliardlarça dollar teklip edýär. Mysal üçin, Ýahoo kompaniýasy 2006-nji ýylda bu taslamany 1 millard amerikan dollara satyn almak isleýär. Eýýäm, 2007-nji ýylda Microsoft bu taslama üçin 15 milliard amerikan dollar hödürleýär. Taslamasyna ynanan Mark we egindeşleri taslamasyny satmaýar we häzir bu taslama her ýyl milliardlarça dollar getirýär. Eýsem Markyň başarnygynyň aýratynlygy näme? Bu ýerde esasy zat, täzeçillik, taslamaňa ynanmak we munyň üstünde arman ýadaman-işlemek, bir wagtda birnäçe iş alyp barmak dälde, bir işde ussatlaşmak, dogry işgärleri işe almak, tiz hereket etmek we geljek barada giň gözýetim bolsa gerek!

Mark 2007-nji ýylda “öz şahsy başarnygy bilen milliard dollaryň eýesi bolan bolan iň ýaş baý adam” adyny alýar, ýagny ol 23 ýaşynda milliard dollaryň eýesi bolýar.  Bellemeli zat Markyň häzirki döwürdäki şahsy baýlygy 74 milliard amerikan dollaryna barabar. Diýmek baý bolmak üçin ene-ataň, ýa-da käbirleriniň degişip (iň azyndan biz degişýändir diýip pikir edýäris) aýdyşy ýaly gaýyn ataň baý bolmagy gerek däl!

Bill Gates, Warren Buffett we beýleki öz başarnyklary bilen üstünlik gazanan dünýä belli işewürler barada okan kitaplarymyzda üns çekýän ýagdaýlaryň ýene biri hem olaryň haýyr işlere berýän bagyşlary bolsa gerek. Bu ýagdaý Markyň durmuşynda hem öz ornuny tapýar. Heniz 26 ýaşyndaka, ýagny 2010-nji ýylda Mark bir okuw merkezine 100 million amerikan dollar möçberinde bagyş edýär. Ol 2015-njni ýylda bolsa Facebook kompaniýasyndaky özüne degişli paýnamalarynyň 99 göterimini maşgalasy bilen bilelikde guran, bilim we saglyk ulgamyndaky Fondyna bagyşlaýar!

Seljerme geçirilýän kitap örän kiçi göwrümli kitap bolanlygy üçin bu neşirde Markyň “kitap söýgüsi” barada maglumat ýok, emma, dünýä belli işewürleriň köpsünde bolan “kitap söýgüsi” Markyň durmuşyndan hem üzňe däl bolsa gerek. Bu ýerde internet maglumatlary bize kömege ýetişýär. “Independent” neşirine görä, Mark her iki hepde de 1 kitap okamany özüne maksat edinýär we durmuşa geçirýär. Ol özüniň kitap klubynyň üsti bilen okan kitabyny maslahat hem berýär. Sözüminiň başynda biz kitaplarymyzy 15 günlik möhlet bilen okamak isleýänlere berip bilýäris diýip belläpdik, diýmek, siz hem bizden alan kitaplaryňyz bilen şol meýilnamany öz durmuşyňyzda geçirip bilersiňiz, ýagny biz hem! Häzirki ýagdaýda bizde bar bolan 100-den gowrak işewürlik ulgamynda ýazylan kitaby hem goşmak bilen jemi 500-e golaý kitap size 20 ýyllyk döwre ýeter. Belki ol döwre çenli biz kitaplarymyzyň sanyny has artdyrarys!

Markyň aýdan sözlerinden ugur alyp, onuň esasy maksatlarynyň biri şol bir wagtda birnäçe işi alyp barmak dälde, bir işde iň gowusy bolmakdygyny görýäris. Ýene bir söz: Iň uly risk (töwekgelçilik), risk almazlykdyr. Yzygiderli üýtgeýän dünýäde üstünlik gazanmajagy subut edilen ýeke-täk strategiýa- ol bolsa, risk almazlykdyr. Onuň ýene bir sözi bilen gysgajyk seljermämizi jemleýäris: Biz pul gazanmak üçin hyzmat beremzok, has gowy hyzmat berip bilmek üçin pul gazanýarys. Markyň bu sözleri biziň “Peýdaly bolýan wagtyň gazanmak” sözlerimize meňzeýär gerek?!

Bellik: grammatik ýalňyşlar köp bolup biler, esasy maksadymyz ýazmak we pikirlerimizi paýlaşmak bolup durýar. Emma, bu ýalňyşlaryň hem has köp ýazdygymyzça azaljakdygyna ynanýarys. Bellikleriňize garaşýarys.

Ýene-de okaň

Türki döwletleriň ýük daşaýjylar bileleşigi döredildi

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy

Türki dünýäsiniň zenan işewürleri Astanada duşuşdy

Türkmenistanda Özbegistanda öndürilýän harytlaryň milli sergisi geçirildi

Türkmenabatda türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi

Türkmenabatda bilelikdäki türkmen-özbek konserti geçirildi

Türkmenistan-Gruziýa: bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Duşenbe şäherinde türkmen-täjik syýasy geňeşmeler geçirildi

Iňlis dilini bir ýyl mugt öwrenmek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Meşhur Rafael Nadal tennis bilen hoşlaşdy

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar

Aşgabat – Astrahan – Kazan ugry boýunça uçar gatnawy maslahatlaşyldy

Gwardiola üçin täze teklip

“Gladiator 2” ilkinji hepdesinde rekord goýdy

«Türkçe-türkmençe sözlük» neşir edildi

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri