DÜNÝÄ

Özbegistan ― yklymyň mirasçysy

22-nji noýabrda Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde ýurduň sungat we medeniýet ministriniň orunbasary Muhammad Bahtiýor bin Wan Çik Özbegistanyň ilçisi Rawşan Usmanowa «Aziýanyň iň baý taryhy mirasa eýe döwleti» hakyndaky Diplomy gowşurdy.

Ses berlişik «Research House of Asia Media» media kompaniýasy tarapyndan geçirildi. Şeýlelikde, yklym boýunça iň baý medeni mirasy bolan döwlet hökmünde Özbegistan saýlanyldy.

«Research House of Asia Media» Malaýziýanyň iň iri neşirýat öýleriniň biridir. Bu ýerde «The Top 10 of Asia», «The Top 10 of Malaysia», «The Top 10 of Indonesia», «The Top 10 of Singapore», «The Top 10 of Thailand» hem-de «The Top 10 of Lifestyle» Žurnallary çap edilýär.

Ses berlişige yklymyň 20 döwletinden 1000-e ýakyn adam gatnaşdy. Ýeri gelende aýtsak, Özbegistanda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä sanawyna giren ýadygärlikleriň bäşisi bar.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň Prezidenti ABŞ-a sapara barýar

Türkmen-eýran gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Tailand: migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Gazagystanda okuw maslahatyna gatnaşdy

Täjigistanda ýylyň şygaryna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça iň gowy etrap diýlip yglan edildi