JEMGYÝET

Birbada 146 müň sargyt

«Teslanyň» esaslandyryjysy Ilon Mask kompaniýanyň täze elektromobiline ― Cybertruck pikapyna eýýäm 146 müň sargyt aldy. Mälim bolşy ýaly, täze ulag köpçülige ilkinji gezek 22-nji noýabrda tanyşdyrylypdy.

Täze ulagyň dizaýny fantastiki filmleriň birinden alnypdyr. Onuň iň arzan görnüşiniň bahasy 39 müň 990 dollar. Bir zarýadlandyrmada 300 mil (550 kilometr) gidip bilýän ulag 49 müň 990, 500 mil (900 kilometr) gidip bilýän ulag bolsa 69 müň 990 dollardan bahalanýar.
«Hiç hili mahabaty edilmänkä, bir wagtda 146 müň sany sargyt aldyk. Sargytçylaryň käbiri üç, käbiri iki, käbiri bolsa bir hereketlendirijili ulaga isleg bildirýär» diýip, Mask twitterdäki hasabynda ýazýar.

Aýdylyşyna görä, täze pikaplaryň aýnalary gülle geçirmeýär, gapylary bolsa «SpaceX» raketalarynyň materiallaryndan taýýarlanyldy. Emma ilkinji tanyşlykda demir arkaly ulagyň aýnalaryny döwmegiň mümkin bolandygy dünýä metbugatyna ýaýrady. Ilon Mask bolsa bu kemçiligi gysga wagtda düzetjekdiklerine söz berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady