Şu gün badalga alan “Türkmenistanyň Nebiti we Gazy – 2019” atly 24-nji halkara maslahaty mynasybetli sergä gatnaşan “Ilk Inşaat” türk şereketiniň bölüm müdiri Ali Emre Tümkaýa şeýle diýdi:
-Biziň bu kompaniýamyz 2002-nji ýyldan bäri Türkmenistanda iş alyp barýar. Esasy “Dragon Oil and Gas” kompaniýasy bilen has köp işleşýäris. Mundan başga-da, “Petronans”, we “Hundai engeenering” we “PetrofaÑ” ýaly birnäçe daşary ýurt kompaniýalar bilen işleşýäris. Balkan welaýatynyň Biz Türkmenbaşy şäherinde geçirilen “Hazar ykdysady forum 2019” sergisine hem gatnaşypdyk. Bize Türkmenistanda işlemek örän ýakymly.