JEMGYÝET

Iň uly 3D çap ediji

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Men Ştatynyndaky bir uniwersitetiň alymlary dünýäniň iň uly 3D çap ediji enjamyny öndürmegiň hötdesinden geldiler. Onuň uzynlygy 30, beýikligi 3, ini 6,7 metre ýetýär diýlip, dünýä metbugatynda ýazylýar.

Häzir bu enjam arkaly bir sany 3D taslamany çap etmegiň bahasy 20 million dolara düşýär. Ýöne hut şu Ştatda 3D çap edijileriniň sany has köp. Şonuň üçin hem ýakyn geljekde uniwersitetiň baha babatynda arzanlaşyga gitmegine garaşylýar.

Üstesine, hünärmenler bu çap ediji enjamyň özüni hem satyp boljakdygyny aýdýarlar. Müşderi köpelse, olar enjamdan ýene-de birnäçesini öndürmek üçin buýurmalary alyp başlar. Isleglere görä, dünýädäki iň uly 3D çap edijiniň kiçeldilen görnüşi hem ýasalar. Onuň uzynlygy 7 metre, agyrlygy 2,2 tonna ýeter.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri Adem Kula bilen duşuşdy

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleri Antalýada duşuşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanda “Galkynyşgaz” döwlet kärhanasy dörediler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleri Antalýada duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň daşary işler ministri Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri