JEMGYÝET

Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG Baş Sekretary bilen duşuşyk geçirdi

2019-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň çäklerinde Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretary Antoniu Guterreşiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gyzgyn salamlar ýetirildi.

Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giň meseleler toparyny ara alyp maslahatlaşdylar.

BMG-niň Baş Sekretary sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde Türkmenistanyň tagallalaryny kanagatlanarly belläp geçdi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň global gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdi.

Related posts

Türkmenistan’da 2020 yılının ilk uluslararası konferansı: 12 anlaşma imzalandı

vepa

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijileri

Cumhurbaşkanı Erdoğan ve dünya liderlerinden Ramazan tebriki

vepa