2019-njy ýylyň 20-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli dürli meseleleriň üstünde durup geçmek bilen hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda ýurdumyzyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk 863 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň halkara-hukuk kadalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny äşgär etmek bilen bir hatarda, migrasiýa syýasatynyň meseleleriniň netijeli çözülýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
“Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýylynda pederlerimizden gelýän ajaýyp ýol-ýörelgelerimiz üstünlikli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ata-babalarymyzyň adamkärçilik, ynsanperwerlik, ýagşylyk etmek ýaly ýörelgelerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna esaslanyp, ajaýyp işleriň durmuşa geçirilýändigine uly buýsanç bilen şaýat bolýarys. Milli Liderimiziň adamlaryň raýatlygy erkin saýlap almak hukugyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň ençemesini ýurdumyzyň raýatlygyna kabul etmek hakyndaky Permana gol çekmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer Permany esasynda Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan raýatlygy bolmadyk adamlary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek baradaky amala aşyrylýan işler ýurdumyzda alnyp barylýan ynsanperwer syýasatymyzyň dünýä jemgyýetçiliginde has-da dabaralanýandygyny ýene-de bir gezek doly subut etdi.
Türkmenistanda raýatsyzlygy azaltmak boýunça alnyp barylýan netijeli işler Türkmenistanyň Prezidentiniň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş şygarynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şu ýörelgeden ugur alýan Türkmenistan özüniň iň gymmatly hazynasyny adam diýip ykrar edip, halkara resminamalarynda berkidilen ähli hukuklary hem-de azatlyklary kepillendirýär we üpjün edýär.