JEMGYÝET

Ruhy çökgünlikden saplaýan miwe

Ruhy çökgünlik üstünlige ― belent maksatlara sary barýan ýoldaky iň uly böwetdir. Danalaryň biriniň aýdyşy ýaly, oňa ýolukmak aňsat-da, halas bolmak kyn. «Medical Express» neşiriniň ýazmagyna görä, ýakynda alymlar haýsy miwäniň ruhy çökgünlikden saplanmakda has peýdalydygyny anykladylar.

Geçirilen barlaglaryň netijesi beýle ýagdaýdan has çalt saplaýan miwäniň üzümdigi anyklanyldy. Alymlaryň aýtmagyna görä, üzümiň gabygynda we dänesinde saglyk üçin zyýanly oksidlere göreşýän dürli elementler bar. Olar gysga wagtyň içinde beýnini rahatlandyrmaga ukyply.

Şeýle hem lukmanlar üzümiň ruhy çökgünligiň, keýpsizligiň garşysyna ulanylýan käbir dermanlardan hem ýokumlydygyny aýdýarlar.

Related posts

The meeting with the Regional Director of EBRD in Central Asia

vepa

Hakyky muşdak

vepa

Türkmenistanda geljek 7 ýylda zähmet haklary 1.8 esse artar

Ata Watan Eserleri