JEMGYÝET

Türkmenistanda geljek 7 ýylda zähmet haklary 1.8 esse artar

Ýurdumyzda «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 — 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy» iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy we tas­syklanyldy. Bu maksatnamada göz öňünde tutulan giň gerimli işler barada ýerli metbugatda makala çap edildi.

Şol makalada bellenilip geçilişi ýaly, dur­muş ugur­ly yk­dy­sa­dy sy­ýa­sat do­wam et­di­ri­ler, mil­li ylym we bi­lim ul­gam­la­ry­ny kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça iş­ler iler­le­di­ler.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi ýo­ka­ry de­re­je­de saklanýar. Bu iş­le­riň ne­ti­je­sin­de zäh­met hak­la­ry­nyň möç­be­ri 1,8 es­se ar­tar. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li pu­dak­la­ry bo­ýun­ça 30 mü­ňe go­laý goş­ma­ça iş orny dö­re­di­ler.

Ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň adam ba­şy­na düş­ýän umu­my meý­da­ny 102,2 gö­te­rim ar­tar, mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­nyň 40-sy, umu­my bi­lim eda­ra­la­ry­nyň 54-si, ýo­ka­ry hü­när bi­li­mi eda­ra­la­ry­nyň 4-si, 10 sa­ny döw­re­bap has­sa­ha­na gur­lar, 7 sa­ny me­de­ni­ýet öýi bi­na edi­ler.

Pre­zi­dent Mak­sat­na­ma­syn­da öň­de goý­lan sep­git­le­re ýet­mek mak­sa­dy bi­len, ýur­du­my­zyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny has-da pug­ta­lan­dyr­ma­ga we tä­ze­le­mä­ge, dur­muş ul­ga­my­ny ös­dür­mä­ge 278,9 mil­liard ma­nat­dan gow­rak ma­ýa go­ýum­la­r gö­nük­di­ri­ler.

Related posts

Türkiýäniň Ýozgat şäherinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’daki yabancı sirk gösterisi büyük ilgi gördü

vepa