JEMGYÝET

Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi ulanmaga berildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli günbatar welaýatynda birnäçe möhüm senagat desgalarynyň düýbüniň tutulyş hem-de açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Bu taslamany türkmen gurluşykçylayr bilen bir hatarda “Altkom” jogäpkärçiligi çäkli jemgyýeti ýerine ýetirdi.

Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan awtomobil ýolunyň ugrunda umumy uzynlygy 354, ini 21 metre deň bolan, ikitaraplaýyn gatnawly 2 sany hereket zolagyndan ybarat awtomobil köprüsi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň möhüm taslamalarynyň birine öwrüldi.

Täze desga halkara ýük awtoulag gatnawlarynda ýokary geçirijilik ukybyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle hem köprüniň sebitiň halklarynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga mümkinçilik berer.

Related posts

Türkmenistanyň Baştutany Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň ýaşlarynyň Forumyny Mary şäherinde geçirmegi teklip etdi

Ankarada Türkmenistanyň üstünliklerine bagyşlanan brifing geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň ýokary sylagy — “Altyn Bürgüt” ordeni bilen sylaglandy