JEMGYÝET

Amerikada türkmen tagamlary

Baý we gadymy taryhy bolan Türkmenistan özüniň bedewleri, halylary, gawunlary hem-de şaý-sepleri bilen dünýäde uly meşhurlykdan peýdalanýar. Türkmen halkynyň ýene-de bir baýlygy ol hem milli tagamlarydyr. Türkmen halkynyň arasynda saçak düşünjesiniň özboluşly ähmiýete bar. Şonuň üçin hem tagamlaryň taýýarlanylyşyna uly ähmiýet berlipdir.

Häzir ata-babalarymyzdan miras galan bu tagamlar dünýäniň köp ýurdunda mynasyp dowam etdirilýär. Şol ýurtlaryň biri hem Amerikanyň Birleşen Ştatlarydyr. ABŞ-nyň Sietl şäherinde “Fitchihouse” diýlip atlandyrylan türkmen tagamlarynyň taýýarlanýan ýeri açylypdyr. Bu ýerde etli somsalar hem-de fitçiler Amerikanyň hem-de onuň myhmanlarynyň hödürlenýär.

Etli somsalar hem-de fitçiler türkmen halkynyň milli tagamlarynyň biri bolan işlekli tagamyndan gözbaş alyp gaýdýar. Etli somsalar adaty peçlerde hem-de palçykdan edilen peçlerde taýýarlanýar. Etli somsalar müşderiniň islegine görä hödürlenýär. Bu tagam müşderilere tegelek gaplarda ýa-da adaty gaplarda hödür edilýär.

www.fitchihouse.com saýtyna görä, türkmen tagamlaryny dadyp gören müşderileriň pikirleri hem beýän edilipdir. Şonda müşderileriň biri ilkinji gezek türkmen tagamyny dadyp görmegiň özi üçin ýatdan çykmajak tejribe bolandygyny belläp, türkmen tagaymynyň lezzetiniň agzymda hemişe galmagyny isländigini belläp geçipdir.

Türkmen tagamlarynyň ABŞ-da taýýarlanýan salgysy: 405 NE 45th St, Seattle, WA 98105.

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa “Arkadaşylygyň modasy» atly halkara forumyna gatnaşdy

Oguljahan Atabaýewa Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa Sankt-Peterburg şäherinde saparda bolýar

Ata Watan Eserleri

Fizuli şäheriniň ýaşaýjylary Milli Liderimize hoşallyk hatyny ýolladylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

Milli Liderimiz: “Merkezi Aziýa + Azerbaýjan” formaty sebitiň ýurtalarynyň global arenadaky ornuny berkitýär