BIZNES

Bütindünýä söwda guramasyna agzalygy bilen bagly bolan meseleler

2019-njy ýylyň 6-njy sentýabrynda Ženewada, Şweýsariýa Konfederasiýasynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýurtlaryň arasynda halkara söwdasynyň we ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi boýunça ýöriteleşdirilenen halkara guramalarynyň we edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklar Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegi boýunça işleri dowam etdirmegiň çäklerinde guraldy.

Şunuň bilen baglylykda wekiliýet BSG-nyň, BMG-niň Söwda we ösüş maslahatynyň (UNCTAD), Halkara söwda merkeziniň (UNCTAD-yň we BSG-nyň Tehniki hyzmatdaşlygy boýunça agentligi) we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdi..

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky karary bilen Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna agzalygy bilen bagly bolan meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Ýene-de okaň

Täjigistanyň Ilçisi Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Gazagystana elektrik energiýasyny ibermäge taýýar

Türkmenistanyň SPЕKA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 2,2 mlrd ABŞ dollaryndan geçdi

Türkmenbaşydaky zawodda 4 milliondan gowrak nebit gaýtadan işlenildi

Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 100 milliard ABŞ dollaryndan geçdi

«Ýaşyl» ösüş boýunça tejribe alşyldy

Ata Watan Eserleri