JEMGYÝET

Mekgejöwen meýdançasyna gondy

«Ural howaýollary» awiakompaniýasynyň «Airbus A ― 321» ýolagçy uçary Moskwa oblastyndaky Žukow howa menziline mejbury gonuşy amala aşyrdy. Bu täsin gonuş barada TASS habar berýär.

226 ýolagçysy bolan uçary bu gonuşyndaky esasy täsinlik onuň howa menzilinden bir kilometr uzaklykdaky mekgejöwen meýdançasyna gonmagydyr. Muňa aşaklap gelýän uçaryň motoryna guşuň girip, näsazlygyň ýüze çykmagy sebäp boldy diýip, berilýän habarlarda aýdylýar.

Habaryň iň begendiriji tarapy, uçarmanlaryň şunça ýolagçyny aman-sag ýere gondurmagydyr. Uçar gonuşy amala aşyrandan soňra, assa-ýuwaşdan howa menziline ýöräp gelýär. Bu ýerde käbir ýeňil ýaralanan ýolagçylar «Tiz kömek» ulaglary bilen ýakyndaky hassahana äkidilýär.

 

Related posts

Türkmenistanyň Prezidentine Türkiýäniň “TOGG” kysymly elektrikli awtoulaglary sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Moskwada «Hazar – mümkinçilikleriň deňzi» atly maslahat

vepa

2024 ýyly boýunça diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri