JEMGYÝET

Türkiýede Alyşir Nowaýynyň golýazmasy tapyldy

Türkiýäniň Kilis şäherinden Gündogar akyldary Alyşir Nowaýynyň bahasy 100 müň dollara barabar golýazmasy tapyldy. XVI asyra degişli golýazmada şahyryň gazallary ýerleşdirilipdir.

Bu golýazma şäheriň ýaşaýjylarynyň biriniň öýünden tapyldy. Ýöne, dünýä metbugatynyň ýazmagyna görä, ol adynyň gizlin saklanylmagyny haýyş etdi.

378 sahypadan ybarat golýazma edil häzir 100 müň dollar baha kesilýär.

Türkiýäniň “Hürriýet” gazetiniň ýazmagyna görä, Alyşir Nowaýy türki dilde «Hamsa» ýazan taryhdaky ilkinji şahsyýetdir. Şeýle hem ol eserleriniň birnäçesini türki diliň pars dilinden üstündigini subut etmäge bagyşlapdyr.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri we Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

Bagdad Amreýew: doganlyk Türkmenistan bilen gatnaşyklar pugtalandyrylýar

Türkmenistan Täjigistanyň mekdep okuwçylaryna kompýuter sowgat berer