GENERAL

Türkiýede Alyşir Nowaýynyň golýazmasy tapyldy

Türkiýäniň Kilis şäherinden Gündogar akyldary Alyşir Nowaýynyň bahasy 100 müň dollara barabar golýazmasy tapyldy. XVI asyra degişli golýazmada şahyryň gazallary ýerleşdirilipdir.

Bu golýazma şäheriň ýaşaýjylarynyň biriniň öýünden tapyldy. Ýöne, dünýä metbugatynyň ýazmagyna görä, ol adynyň gizlin saklanylmagyny haýyş etdi.

378 sahypadan ybarat golýazma edil häzir 100 müň dollar baha kesilýär.

Türkiýäniň “Hürriýet” gazetiniň ýazmagyna görä, Alyşir Nowaýy türki dilde «Hamsa» ýazan taryhdaky ilkinji şahsyýetdir. Şeýle hem ol eserleriniň birnäçesini türki diliň pars dilinden üstündigini subut etmäge bagyşlapdyr.

Related posts

Turkmenistan gears up for COP29 Climate Conference

Daşary ýurt diplomyny ykrar etmek

vepa

Türkmenistan takımı, Tacik lig şampiyonu ile berabere kaldı

vepa