JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Palestina Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler

2019-njy ýylyň 26-njy martynda Ramalla şäherinde Türkmenistanyň we Palestina Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Palestina tarapyndan gepleşiklere Daşary işler ministriniň orunbasary Mazen Şamia ýolbaşçylyk etdi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn türkmen-palestina gatnaşyklarynyň ösüşine kanagatlanma bildirdiler we syýasy geňeşmeleriň geçirilmeginiň yzygiderliligini belläp geçdiler. Taraplar hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek boýunça özara geňeşmeleriň netijeli guralyny bellediler, şeýle hem syýasy geňeşmeleriň abraýly halkara guramalarynyň, has takygy Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň bölümçeleriniň çäginde gatnaşyklary ösdürmek meselelerindäki ornuny nygtap geçdiler.

Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy boýunça pikirler alyşyldy. Bu gatnaşyklaryň türkmen-palestina hyzmatdaşlygynyň binýady bolup durýandygy nygtaldy.

Ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, serwis hyzmatlarynda we işewürlikde gatnaşyklary giňeltmegiň, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda tejribe alyşmalarynyň ýola goýulmagynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurtlaryň ikisiniň hem wekiliýetleri Daşary işler ministrlikleriniň derejesinde, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmek maksady bilen işleriň geljegi uly dürli ugurlary boýunça iki ýurduň dürli hökümet düzümleriniň we hojalyk birlikleriniň derejesinde  gatnaşyklary dowam etdirmek boýunça umumy pikirlerini beýan etdiler.

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa “Arkadaşylygyň modasy» atly halkara forumyna gatnaşdy

Oguljahan Atabaýewa Walentina Matwiýenko bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa Sankt-Peterburg şäherinde saparda bolýar

Ata Watan Eserleri

Fizuli şäheriniň ýaşaýjylary Milli Liderimize hoşallyk hatyny ýolladylar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

Milli Liderimiz: “Merkezi Aziýa + Azerbaýjan” formaty sebitiň ýurtalarynyň global arenadaky ornuny berkitýär