JEMGYÝET

Türkmenistanyň Ilçisiniň Ermenistanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

2019-njy ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen Sarkisýana öz ynanç hatlaryny gowşurdy.

Ynanç hatlary gowşurylandan soňra, Ilçi bilen Prezidentiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollan salamlaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen Sarkisýan Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyplygyny belledi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gelip gowşan mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidentiniň we halkynyň adyna parahatçylyk we gülläp ösüş baradaky iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Gadyr gijesi bilen gutlady

Türkmenistan Eýrana ynsanperwerlik kömegini iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri agzaçar sadakasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Taryhy gymmatlyklarymyz Rimiň Kapitoliý muzeýinde görkezilýär

Türkmenistanda 21-nji martda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Türkmenistan Eýrana ynsanperwer kömegini iberýär