MEDENIÝET

Türkmenistanyň medeniýet ministri TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşiniň 43-nji mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Özbegistanyň Andijan şäherinde Halkara türk medeniýeti guramasy TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşiniň 43-nji döwürleýin mejlisi geçirildi.

2026-njy ýylyň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen Andijan şäheri bu mejlisiň çäklerinde Türki dünýäsiniň medeni hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen çärelere giňden kabul etdi.

Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministri Adil Kerimli, Türkmenistanyň medeniýet ministri Gurbanmyrat Myradalyýew, Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekow, Gyrgyz Respublikasynyň medeniýet, maglumat we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary Askaraly Madaminow, Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Serdar Çam, şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň Ýaşlar we maşgala işleri komitetiniň başlygy Kaýrat Kambarow gatnaşdylar.

Ministrler TÜRKSOÝ guramasynyň umumy medeni mirasy gorap saklamakda we dünýäde giňden wagyz etmekde eýeleýän ornuny aýratyn nygtady. Şeýle hem guramanyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmagyň we türki döwletleriň beýleki düzümleri bilen utgaşykly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belledi.

Mejlise gatnaşyjylar guramanyň ýyllyk hasabatlaryny, maliýe meselelerini we 2027-nji ýyl üçin meýilleşdirilen iş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Jemleýji Jarnama laýyklykda, 2027-nji ýylda Türkiýäniň Kaýseri şäheri Andijan şäherinden soň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan ediler. 2028-nji ýylda bolsa bu hormatly ada Gyrgyzystanyň Talas şäheri eýe bolar.

Mundan başga-da, 2027-nji ýyl «Çolpan ýyly», 2028-nji ýyl bolsa «Çingiz Aýtmatow ýyly» diýlip yglan edildi.

Related posts

“Sotheby”-iň taryhynda iň ýokary görkeziji

Gülşirin Hanowanyň täze goşgular ýygyndysy

Ata Watan Eserleri

Magtymguly hakyndaky türkmen-özbek filmi Sankt-Peterburgdaky kinofestiwalda görkeziler