DÜNÝÄ

Aşgabatda ekologiýa we howanyň üýtgemegi boýunça halkara maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 27-nji noýabrynda Aşgabatda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Biologik dürlülik we howanyň üýtgemegi: durnukly ösüş ugrunda Türkmenistanyň başlangyçlary we halkara hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Halkara maslahaty uniwersitetiň rektory Maral Kulyýewa giriş sözi bilen açdy we maslahatyň işine moderatorlyk etdi.
Maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň, ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem uniwersitetiň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň COP31-de öňe süren başlangyçlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow çykyş edip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýäniň Antalýa şäherinde COP31-iň çäklerinde geçirilen Liderler sammitinde öňe süren halkara başlangyçlary barada durup geçdi.
Bu başlangyçlaryň hatarynda 2028–2037-nji ýyllary BMG-niň howanyň üýtgemegine durnuklylyk we uýgunlaşmak boýunça onýyllygy diýip yglan etmek, Aşgabat howa dialogyny döretmek, howanyň üýtgemeginiň sanly atlasyny işläp taýýarlamak, howa tehnologiýalary boýunça ählumumy hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de BMG-niň howandarlygynda Halkara ekologiýa kodeksini işläp taýýarlamak baradaky teklipler bar.
BMG Türkmenistanyň ekologiýa başlangyçlaryna ýokary baha berýär
BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Wan Sýaoýun (Greýs) Türkmenistanyň Ermenistanda geçirilen COP17 we Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen COP31 maslahatlaryna ýokary derejede gatnaşmagynyň ähmiýetini nygtady. Şeýle hem ol Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça halkara tagallalaryna berýän goldawynyň öwgä mynasypdygyny belledi.
BMGÖM bilen 30 ýyllyk hyzmatdaşlyk
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan guramanyň 30 ýyl bäri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk alyp barýandygyny, daşky gurşawy goramagyň hem bu hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi.
Ol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýerewanda geçirilen COP17 maslahatyna, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň bolsa Antalýada geçirilen COP31-iň çäklerindäki Liderler sammitine gatnaşmagynyň ähmiýetini aýratyn nygtady.
Türkmenistanda «Ýaşyl mekdep» maksatnamasy
BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNICEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirilýän «Ýaşyl mekdep» maksatnamasynyň ähmiýeti barada çykyş etdi.
2025-nji ýylda başlanan bu maksatnamanyň çäklerinde 2026-njy ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň 18 mekdebi ilkinji «Ýaşyl mekdep» şahadatnamasyna mynasyp boldy.
Türkiýe: COP31-de 46 mesele boýunça ylalaşyk gazanyldy
Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şener Jebeji Antalýada geçirilen COP31 maslahatynyň üstünlikli geçendigini we onuň çäklerinde taraplaryň 46 mesele boýunça ylalaşyk gazanandyklaryny belledi.
Diplomat Emine Ärdoganyň daşky gurşawy goramak boýunça öňe sürýän başlangyçlary barada hem durup geçdi.
Ilçi türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň COP31-iň çäklerinde geçirilen Liderler sammitine gatnaşmagynyň ähmiýetini aýratyn nygtady. Şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň COP31 maslahatyna gatnaşandygyny belledi.
Azerbaýjan alternatiw energiýanyň paýyny 43 göterime ýetirmegi maksat edinýär
Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Gismat Fuzuli ogly Gozalow Azerbaýjanyň Türkmenistanyň ekologiýa başlangyçlaryny goldaýandygyny belledi.
Diplomatyň bellemegine görä, Azerbaýjan 2032-nji ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň kuwwatyny 6–8 gigawata ýetirmegi, elektrik energiýasyny öndürmegiň umumy kuwwatynda bu çeşmeleriň paýyny 2030-njy ýyla çenli 39 göterime, 2035-nji ýyla çenli bolsa 43 göterime çykarmagy maksat edinýär.
Ilçi Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň metan zyňyndylaryny azaltmak, alternatiw energiýa çeşmelerini ösdürmek, Hazar deňziniň ekologiýasyny goramak we onuň suw derejesiniň peselmegi meselesini bilelikde öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtady.
Italiýa Türkmenistanyň ekologiýa başlangyçlaryna ähmiýet berýär
Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Martin Bruk Italiýanyň Ortaýer deňziniň kenarynda ýerleşýän ýurt hökmünde daşky gurşawy goramaga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi.
Şeýle hem diplomat Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň möhümdigini nygtady.
Fransiýa Türkmenistanda Gün elektrik stansiýalaryny döretmek boýunça hyzmatdaşlygy teklip edýär
Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Alena Gran Fransiýanyň Gün energetikasy ulgamynda baý tejribä eýedigini belläp, Türkmenistanda Gün elektrik stansiýalaryny döretmek boýunça hyzmatdaşlygy teklip edýändigini aýtdy.
Diplomat metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň geljegi uly mümkinçiliklerine ünsi çekdi.
Şeýle hem ilçi 2027-nji ýylda Aşgabatda açylmagy meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa üçin sebit howa tehnologiýalary merkeziniň döredilmegine Fransiýanyň anyk goldaw berýändigini mälim etdi. Hususan-da, Fransiýa bu merkeziň döredilmegine ýardam berjek BMG-niň meýletin hünärmeniniň wezipesini doly maliýeleşdirer.
Halkara maslahatyň dowamynda biologik dürlüligi gorap saklamak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, ýaşyl energetikany ösdürmek we ekologiýa ulgamynda sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly möhüm meselelere garaldy.
Ata Watan Media

Related posts

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň senatory bilen duşuşdy

Tokayew: “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” sammitine taýýarlyk başlandy

Türkmenistanyň wekiliýeti “DÖM pursady” atly ýokary derejeli çärä gatnaşdy