Hormatly Prezidentimiz tarapyndan tassyklanan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda, golaýda Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň maksady Pekin şäherinde geçirilen «Müňýyllyklardan gözbaş alýan salyhatly bedewler: sungatda atlaryň keşbi» atly atçylyk sungaty boýunça çärä gatnaşmakdan ybarat boldy. Saparyň maksatnamasy atşynaslar bilen tejribe alyşmaga, dostlukly ýurduň atçylyk sungatynyň dürli ugurlary bilen tanyşmaga giň mümkinçilik berdi. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.
Biziň Hytaýa saparymyz Pekin şäherindäki «Pine Valley» atçylyk we sport-dynç alyş toplumynyň ýolbaşçylary, atçylyk ugry boýunça tälim alýan okuwçylardyr türgenler bilen duşuşykdan başlandy. Duşuşykda atçylyk sporty, türgenleri taýýarlamak, atlara tälim bermek, atçylyk toplumlarynyň işini guramak meseleleri barada pikir alşyldy. Hytaýly hünärmenler «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna aýratyn gyzyklanma bildirdiler. Toparyň çeper ýolbaşçysy Serdar Pygyýew türkmen milli atçylyk sungatynyň aýratynlyklary, ahalteke bedewleriniň üstünde ýerine ýetirilýän çylşyrymly hereketler, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara derejede gazanan üstünlikleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Toparyň çykyşlarynda milli däpler, bedew bilen ynsanyň sazlaşygy, türgeniň ussatlygy hem-de sahna medeniýeti özara utgaşýar. Toparyň dürli ýurtlarda geçirilen halkara sirk festiwallarynda alty gezek baş baýraga mynasyp bolmagy türkmen jigitleriniň ussatlygynyň aýdyň güwäsidir.
«Müňýyllyklardan gözbaş alýan salyhatly bedewler: sungatda atlaryň keşbi» atly çäre atlaryň taryhda, sungatda, halklaryň medeni durmuşynda eýeleýän ornuny açyp görkezýän medeni meýdança hökmünde ähmiýetli boldy. Çäräniň çäklerinde Hytaý Atçylyk assosiasiýasynyň bölüm başlygy Wang Ýu bilen bolan duşuşykda Hytaýda atçylyk sportunyň we milli atçylyk oýunlarynyň ösüşini, bu babatda tejribe alyşmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdyk.
«Asman astyndaky ýurda» saparymyzyň maksatnamasy baý mazmuny bilen aýratyn ýatda galyjy boldy. Biz agzalan çärä gatnaşyjylar bilen bilelikde Beýik Hytaý diwaryna baryp gördük. Şeýle-de Urumçi şäherinde, Jaosu etrabynda bolup, atçylyk babatda alnyp barylýan işler, türgenleşik şertleri, atçylyk medeniýetiniň ösüşi bilen tanyşmaga mümkinçilik aldyk. Jaosu etrabyndaky “Tianma” seýilgähinde türgenleşik geçýän atçylar bilen duşuşyp, olaryň çykyşlaryna tomaşa etmek bizde uly täsir galdyrdy. Bu ýerde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çeper ýolbaşçysy Serdar Pygyýew türkmen atçylyk sungatynyň käbir aýratynlyklaryny görkezdi. Munuň özi hytaý atçylyk mekdebiniň özboluşlylygy bilen tanşyp, hünärmenleriň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga döredilen ajaýyp mümkinçilikdir.
Jaosu etrabynyň Oba hojalyk we maldarçylyk ösüş kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň ýardam bermeginde atçylyk weterinar klinikasyna barlyp görülmegi bolsa atlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, weterinar gözegçiligini guramak, zerur ýagdaýlarda bejeriş hyzmatlaryny bermek boýunça alnyp barylýan işler bilen ýerinde tanyşmakdan köp zatlary öwrendik. Şunda atçylyk hojalyklarynyň netijeli işlemeginde weterinar hyzmatlarynyň, yzygiderli gözegçiligiň we ylmy esasda ideg etmegiň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Ýili atçylyk synag we tälimçilik merkezi bilen tanyşlygymyz, öz gezeginde, hytaý atlarynyň idedilişi, türgenleşdirilişi hem-de olaryň seýisçilik işleri barada gymmatly maglumatlary toplamakda ähmiýetli boldy.
