DÜNÝÄ

Baş Assambleýa BMG-niň 2024-nji ýyl üçin býujetini tassyklady

Dünýäniň iň abraýly guramasy bolan BMG-niň Baş Assambleýasy 2024-nji ýyl üçin guramanyň býujetini tassyklady. Ol 3.59 milliard dollara deň boldy.

BMG-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, Baş Assambleýa 2024-nji ýyl üçin Milletler Bileleşiginiň býujetini 3.59 milliard dollara hökmünde tassyklady.

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş oktýabr aýynda Baş Assambleýanyň 5-nji komitetine halkara guramanyň geljek ýyl üçin 3.3 milliard dollar möçberindäki býujetini hödürledi.

2023-nji ýylda guramanyň býujeti 3.4 milliard dollara, 2022-nji ýylda 3.1 milliard dollara deň bolupdy.

Related posts

«EKSPO-2023 Doha» sergisi öz işine başlady

Indoneziýanyň Prezidenti täze paýtagta göçýär

Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy