DÜNÝÄ

Magtymguly Pyragynyň heýkeli Rumyniýada dikeldiler

Türkmenistanyň ilçisi Annamämmet Annaýew Rumyniýanyň medeniýet ministri hanym Raluka Turkan bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň habar berýär.

Bu duşuşygyň maksady, geljekde medeniýet pudagynda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Şu nukdaýnazardan, taraplar bilelikdäki çäreleri geçirmek üçin oňat kanuny esas bolup hyzmat edýän medeniýet pudagyndaky hyzmatdaşlyk baradaky häzirki ikitaraplaýyn şertnamanyň ähmiýetini nygtadylar.

Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şu ýyl Türkmenistanda meýilleşdirilen dürli halkara çärelerine rumyn wekiliýetleriniň gatnaşmagy barada söhbet etdiler.

Ministr Rumyniýa tarapynyň Türkmenistan bilen medeni we medeni alyş-çalyş, özara çärelere gatnaşmak, şeýle hem türkmen muzeýleri bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak islegini we gyzyklanmasyny bildirdi.

Taraplar aýdym-saz, tans we teatr toparlarynyň iki paýtagtda özara saparlaryny guramagyň mümkinçiligini bellediler.

Iki ýurduň arasyndaky oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, şeýle hem Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky medeniýet ulgamynda gatnaşyklaryň çuňlaşmagyna itergi bermek maksady bilen 2025-nji ýylda Türkmenistanda Rumyniýanyň Medeniýet günlerini geçirmegi we türkmen şahyr-filosofy Magtymguly Pyragynyň heýkelini Rumyniýada gurmak teklip edildi.

Related posts

Türkmen-rus parlamentara dostluk toparlarynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Jon Kennediniň ýegeni ABŞ-nyň prezidentligine dalaşgär boldy

Ata Watan Eserleri