DÜNÝÄ

Türkmenistan Müsüre ilçi belledi

Türkmenistan Müsür Arap Respublikasyna ilçi belledi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli resminama gol çekdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi, Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow şol bir wagtda Türkmenistanyň Müsür Arap Respublikasyndaky ilçisi wezipesine bellendi.

Muhammetgeldi Nurberdiýewiç Aýazow Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabryndaky Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky (Er-Riýad şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi wezipesine bellenilipdi.

Related posts

Taryhda şu gün: 4-nji iýun

Türkmenistanyň deputatlary ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň gyşky mejlisine gatnaşdylar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapary