JEMGYÝET

2027-nji ýylda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky gurultaýy geçiriler

2027-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky gurultaýy geçiriler. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň dowamynda belledi hem-de wise-premýer B.Mämmedowa bu çärä şu günden başlap taýýarlyk görmegi we onuň meýilnamasyny düzmegi tabşyrdy.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri sanly ulgam bilen emeli aň tehnologiýalarynyň arasyndaky aratapawudy seljermek, kiberhowpsuzlygy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak barada belledi. Programma üpjünçiliklerini ornaşdyrmak boýunça ýaşlar bilen pikir alşylmalydygyny, şeýle hem olaryň startaplarynyň hem-de täze işläp taýýarlamalarynyň işjeň ornaşdyrylmalydygyny aýtdy we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Related posts

Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini sapar bilen gelmäge çagyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Bakanlar Kurulu Toplandı

vepa

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy okuw sapagyndaky ÇYKYŞY