JEMGYÝET

Milli Liderimiz: Hazarüsti halkara üstaşyr ulag geçelgesini ösdürmek zerurdyr

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Oňa Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň agzalary, Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki döwlet, häkimiýet, jemgyýetçilik edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Halk Maslahatynyň Başlygy mejlisde eden çykyşynda, ýurdumyzyň senagat diplomatiýasyny alyp barýandygyny, dünýä döwletleri we daşary ýurt kompaniýalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Ahal welaýatynda tebigy gazdan “ECO-93” kysymly benzin öndürýän desganyň gurlandygyny, Balkan welaýatynda täze elektrik stansiýasynyň, Daşoguz welaýatynda azotly dökünleri öndürýän toplumyň gurulýandygyny, Lebap welaýatynda kaliý dökünlerini öndürýän toplumyň hereket edýändigini, bu önümleriň ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge ýardam berýändigini belledi we gurulýan desgalara Ýokary gözegçilik edarasynyň berk gözegçiligi üpjün etmelidigine ünsi çekdi. Hormatly Arkadagymyz Mary welaýatynda söwda dolanyşygyny ösdürmegiň, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny nygtady.

Milli Liderimiz soňky döwürde önümçilige döwrebap tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygyny aýdyp, wise-premýere önümçilikde ýokary tehnologiýaly önümleriň eýeleýän paýyny yzygiderli artdyrmak, maglumat merkezlerini, müňlerçe täze iş ornuny döretmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda öndürilýän önümleri daşary ýurtlara ibermek üçin Gündogar — Günbatar ugry boýunça Hazarüsti halkara üstaşyr ulag geçelgesini ösdürmegiň möhümdigini belläp, bu işleriň ählisiniň ýurdumyzyň senagat diplomatiýasyny ilerletmäge itergi berjekdigini aýtdy.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Çili Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ženewadaky ştab-kwartirasynda duşuşyk

vepa

«Magtymguly» atly kitap çapdan çykdy