Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda iş saparynda bolar. Bu barada Federasiýa Geňeşiniň resmi saýtynda habar berilýär.
Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza ýurtlarynyň Parlamentara Assambleýasynyň güýzki mejlisine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkmenistana geler.
GDA Parlamentara Assambleýasynyň göçme mejlisiniň çäreleri 19-20-nji noýabrda Türkmebaşy şäherindäki “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna häzirki başlyklygynyň çäginde geçiriler. Häzirki wagtda Türkmenistanyň synçy hökmünde agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasyna goşulmagy meselesine seredilýär.
GDA Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň mejlisi we Arkalaşygyň Parlamentara Assambleýasynyň 61-nji umumy mejlisi geçiriler.
Iş saparynyň çäginde Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň türkmen halkynyň milli lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguli Berdimuhamedow bilen duşuşmagy meýilleşdirilýär.
Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa bilen duşuşugy meýilleşdirilýär. Forumyň çäklerinde Walentina Matwiýenko GDA ýurtlarynyň parlament wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen hem duşuşar.
Russiýaly senatorlar GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň hemişelik komitetleriniň işine gatnaşarlar. Mundan başga-da, Federasiýa Geňeşiniň we Türkmenistanyň Mejlisiniň parlamentara dostluk toparlarynyň ilkinji bilelikdäki mejlisi meýilleşdirilýär.
Federasiýa Geňeşiniň wekiliýetiniň düzüminde Federasiýa Geňeşiniň başlygynyň orunbasary Konstantin Kosaçew, Federasiýa Geňeşiniň Halkara işler boýunça komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Grigoriý Karasin, Federasiýa Geňeşiniň Konstitusion kanunçylyk we döwlet gurluşy boýunça komitetiniň başlygynyň orunbasarlary Nikolaý Wladimirow we Wladimir Kožin, şeýle hem Federasiýa Geňeşiniň komitetiniň agzasy Oleg Sepkin bar.
