2026-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlament ýolbaşçylarynyň ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Prezidenti bilen ýokary derejeli duşuşygy boldy.
Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda sebitde hem-de bütin dünýäde parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge uly ähmiýet berýär. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň sebit we halkara giňişlikde öňe sürýän ählumumy başlangyçlary, şol sanda parlament diplomatiýasyny mundan beýläk-de ösdürmek barada tagallalary hem-de öňde goýýan wezipeleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-da onuň Parlament Assambleýasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň durnukly we netijeli ösmegine itergi berýär.
Şunuň bilen baglylykda, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçylarynyň hem-de sebitiň parlament ýolbaşçylarynyň bu duşuşygy aýratyn ähmiýete eýe bolmak bilen, umumy howpsuzlyk, parahatçylyk we durnukly ösüş ugrundaky maksatlaryň birdigini subut edýär.
Bitarap Türkmenistan hemişe parahatçylykly ýaşamagyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň tarapdary bolup çykyş edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürülýän «Dialog – parahatçylygyň kepili» diýen filosofiýa Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň esasy ugrudyr we Birleşen Milletler Guramasynyň bu ugurdaky Kararnamalarynyň maksatlary we wezipeleri bilen doly utgaşýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasy energiýa serişdeleriniň we ulag üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi, parahatçylygy we howpsuzlygy, özara ynanyşmagy gazanmakda dialogyň hem-de bitaraplyk ýörelgeleriniň ähmiýeti babatda ençeme kararnamalary kabul etdi. Bu bolsa degişli ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyň hukuk-resminamalar binýadynyň berkidilmegine ýardam edýär.
Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi sebitiň döwletleriniň arasyndaky syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygy täze, strategik derejä çykarmak üçin ygtybarly halkara-hukuk binýadyny döretdi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen, 2028-nji ýylyň «Halkara hukuk ýyly» diýlip yglan edilmegi hem ýurdumyzyň parahatçylyk dörediji döwlet hökmündäki halkara abraýyny has-da ýokarlandyrdy.
Duşuşykda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmeginiň we onuň netijeli hereket etmeginiň sebit howpsuzlygyny üpjün etmekde aýratyn orna eýedigi nygtaldy.
Häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletleriniň sebitiň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegini we halkara giňişlikdäki ornunyň pugtalandyrylmagyny üpjün etmek ugrunda strategik taýdan bitewi we yzygiderli diplomatik çäreleri durmuşa geçirýändikleri bellenildi. Döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklarynyň çäklerinde sebitara ulag-logistika geçelgelerini utgaşdyrmak, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin amatly hukuk hem-da işewürlik gurşawyny döretmek boýunça giň gerimli diplomatik tagallalaryň utgaşdyrylýandygyna üns çekildi.
Şunuň bilen birlikde, sebitiň ekologiýa, suw-energetika we serhet howpsuzlygyny kepillendirmek, häzirki zamanyň wehimlerine garşy köptaraplaýyn mehanizmleri döretmek hem-de Merkezi Aziýany goňşy sebitler bilen durnukly hyzmatdaşlygy üpjün edýän strategik parahatçylyk merkezi hökmünde ösdürmek ýörelgelerine ygrarlylygyň möhüm ähmiýeti barada aýdyldy.
Duşuşykda parlament diplomatiýasynyň döwletleriň we halklaryň arasynda «ynanyşmak köprülerini» gurmagyň iň netijeli guraly bolup durýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, parlamentarileriň ekologiýa, howanyň üýtgemegi, energetika we ulag-logistika howpsuzlygy, şeýle hem dürli wehimlere garşy durmak ýaly ugurlarda sebit ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň öňe sürýän ählumumy we sebitleýin başlangyçlaryny kanunçylyk derejesinde goldamak hem-de parlament diplomatiýasyny has-da işjeňleşdirmek barada teklipler öňe sürüldi.
Duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleriniň hem-de ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň täze sepgitleri we geljekki meýilnamalary giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.
