PEÝDALY MASLAHAT

Türkiýede goşmaça 3 we 5 ýyllyk ýaşamak üçin rugsat (ikamet) bermek barada Prezidentiň karary

Türkiýede maýa goýumlaryny amala aşyrýan daşary ýurt raýatlaryna 3 we 5 ýyl möhletli ýaşamak üçin rugsatnama (ikamet) bermek barada täze karar kabul edildi.

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Ärdogan tarapyndan 2026-njy ýylyň 17-nji noýabrynda gol çekilen 11994 belgili Prezident karary 18-nji noýabrda ýurduň «Resmî Gazete» resmi neşirinde çap edildi we güýje girdi.

Täze karara laýyklykda, Türkiýede bellenilen möçberde maýa goýumlaryny amala aşyrýan daşary ýurt raýatlaryna 3 we 5 ýyl möhletli ýaşamak üçin rugsatnama (ikamet) bermek göz öňünde tutulýar.

Näçe maýa goýumyna näçe ýyllyk rugsat berler?

Täze düzgünlere laýyklykda:

  • 150 müň ABŞ dollary ýa-da şoňa barabar daşary ýurt pulunda maýa goýumyny amala aşyranlara 3 ýyllyk ýaşamak üçin rugsatnama;
  • 200 müň ABŞ dollary ýa-da şoňa barabar daşary ýurt pulunda maýa goýumyny amala aşyranlara 5 ýyllyk ýaşamak üçin rugsatnama berilmegi göz öňünde tutulýar.

Haýsy ugurlara maýa goýup bolar?

Karara laýyklykda, daşary ýurt raýatlary aşakdaky ugurlaryň biri boýunça maýa goýumyny amala aşyryp bilerler:

1. Bank goýumlary: Türkiýede işleýän banklarda degişli möçberde pul serişdelerini ýerleşdirmek.

2. Döwlet gymmatly kagyzlary: Türkiýäniň döwlet karzlanma gurallaryny satyn almak.

3. Maýa goýum gaznalary: Gozgalmaýan emläk maýa goýum gaznalarynyň paýlaryny ýa-da wençur maýa goýum gaznalarynyň paýlaryny satyn almak.

4. Hususy pensiýa ulgamy: Türkiýäniň hususy pensiýa ulgamyna degişli möçberde serişdeleri goýmak.

Maýa goýumyny näçe wagt saklamaly?

Täze kararyň möhüm şertleriniň biri hem maýa goýumynyň saklanmaly möhleti bilen baglanyşyklydyr.

Karara laýyklykda, daşary ýurtly maýadar öz goýumyny ýaşamak üçin berlen rugsatnamanyň möhletiniň azyndan ýarysynyň dowamynda saklamalydyr.

Mysal üçin:

  • 3 ýyllyk rugsatnama alan maýadar degişli maýa goýumyny azyndan 1,5 ýyl saklamaly.
  • 5 ýyllyk rugsatnama alan maýadar bolsa maýa goýumyny azyndan 2,5 ýyl saklamaly.

Maýa goýumynyň görnüşine baglylykda, bu şertleriň ýerine ýetirilendigi degişli döwlet edaralary tarapyndan tassyklanylmalydyr.

Çeşme: Türkiýe Respublikasynyň «Resmî Gazete» resmi neşiri, 18.11.2026, Prezidentiň 11994 belgili karary.

Ata Watan Media

Related posts

Türkmenistanly hukukçy Türk döwletleriniň 1-nji Halkara hukuk kongresiniň bilim geňeşine saýlandy

Zeýtun ýagly noýba

Ata Watan Eserleri

Hojalyk Jemgyýetini bellige almak üçin gerekli resminamalar

Ata Watan Eserleri