DÜNÝÄ

«Ata Watan Media» TÜRKSOÝ-nyň öňki Baş sekretary Düsen Kaseinow bilen duşuşdy

Türkiýede geçirilen VI Global Media duşuşygynyň çäklerinde «Ata Watan Media» habarlar portalynyň ýolbaşçysy Dr. Dovran Orazgylyjov TÜRKSOÝ halkara guramasynyň öňki Baş sekretary, gazak halkynyň görnükli medeniýet işgäri Düsen Kaseinow bilen duşuşdy.

Global Media baýrak gowşurylyş dabarasynyň, şeýle hem Global Media duşuşygynyň çäklerinde geçirilen çäreleriň dowamynda Dr. Dovran Orazgylyjov Düsen Kaseinow bilen iki gezek duşuşyp, gysgaça pikir alyşmaga mümkinçilik tapdy.

Düsen Kaseinow 2008–2022-nji ýyllarda TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Baş sekretary wezipesinde işläp, türki halklaryň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, olaryň umumy taryhy we medeni mirasynyň halkara derejesinde wagyz edilmegine uly goşant goşan şahsyýetleriň biridir.

Ol Türkmenistanda hem birnäçe gezek saparda bolup, türkmen halkynyň baý medeniýeti, sungaty we medeniýet wekilleri bilen ýakyndan tanyşdyr.

Düsen Kaseinowa «Global sungat baýragy» gowşuryldy

Türkiýede geçirilen Global Media baýrak gowşurylyş dabarasynda Düsen Kaseinow medeniýet we sungat ulgamyndaky köpýyllyk hyzmatlary üçin «Global sungat baýragyna» mynasyp boldy.

Mundan başga-da, Düsen Kaseinow ýakynda türki dünýäniň medeni hyzmatdaşlygyna goşan goşandy üçin «Alişir Nowaýy» halkara baýragy bilen sylaglandy. Bu abraýly baýragy oňa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan gowşurdy.

«Ata Watan Media» habarlar portalynyň ýolbaşçysy Dr. Dovran Orazgylyjov Düsen Kaseinow bilen geçirilen duşuşyklaryň ýakymly täsir galdyrandygyny belläp, ony halkara baýraklary bilen gutlady we geljekki işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Related posts

Ýewropa Birleşiginiň başlyklygy Germaniýa geçdi

ABŞ-da “six seven” (6–7) sözi ýaşlaryň arasynda trend boldy

Lawrow: türkmen talyplaryna ähli mümkinçilikler dörediler