Amangeldi aga bilen tanyşlygym 2016-njy ýyllara baryp ýetýär.
Şol ýyllarda «Ata Watan Media» Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýanynda akkreditirlenen köpçülikleýin habar beriş serişdesi hökmünde kabul edilende, dünýä belli «RIA Nowosti», «Reuters», «Associated Press», «Agence France-Presse», «TRT» ýaly halkara media guramalarynyň Türkmenistandaky wekilleri bilen tanyşmaga we olar bilen bilelikde işlemäge mümkinçilik tapypdym.
Şolaryň biri hem Amangeldi aga Nurmyradowdy!
Olaryň ählisi öz işine örän jogapkärçilikli çemeleşýän, ýokary hünär tejribesine eýe bolan žurnalistlerdi. Şonuň üçin hem olaryň hemmesi bilen işleşmek örän aňsat we ýakymlydy.
Şu ýerde bir gyzykly wakany ýatlasym gelýär.
Bir gezek prezident saýlawlarynyň netijeleri boýunça daşary ýurt metbugatynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi toparynda ýygnak geçirilipdi.
Şol wagt biz «Ata Watan Media» hökmünde saýlawlaryň netijeleri baradaky gysga habary dünýäde ilkinji bolup çap edipdik.
Amangeldi aga bolsa şol ýerde telefon arkaly Moskwa habar ibermäge synanyşýardy.
Menem degişip:
— Amangeldi aga, «Ata Watan»-y açyp göräýiň, habar eýýäm şol ýerde bar ahyry! — diýip, onuň gaharyny getiripdim! 🙂
Emma Amangeldi aganyň aýratyn bir häsiýeti bardy. Ol örän degişgen, şadyýan adamdy. Onuň bar ýerinde hemişe gülki, şatlyk we ýakymly gürrüňler bolardy.
Esasan hem Amangeldi aga, biziň redaktorymyz Şamil we men üçümiziň aramyzdaky degişmeler her gezek duşuşanymyzda wagtymyzyň örän gyzykly geçmegine sebäp bolardy.
Käwagt resmi çärelere döwlet işgärleri bilen bir awtobusda gidýärdik. Şol awtobusyň yzky tarapynda gülüşýän, degişýän adamlaryň sesi eşidilýän bolsa, bilin ki, şol ýerde Amangeldi aga, Şamil we men bardyrys!
Amangeldi aga diňe bir degişgen adam däldi. Ol 40 ýyldan gowrak ömrüni žurnalistika bagyş eden, öz hünärini gowy bilýän, giň dünýägaraýyşly we tejribeli žurnalistdi. Şeýle adamlaryň ýanynda işlemek hem, olar bilen söhbetdeş bolmak hem aýratyn bir mekdepdi.
Amangeldi aganyň aradan çykandygy baradaky habary Stambulda wagtym TRT-niň operatory Yhlasdan eşitdim. Bu habar meni örän gynandyrdy.
Adam ömründe köp adam bilen tanyşýar, köp adam bilen işleşýär. Emma olaryň käbirleri diňe bir kärdeş bolup galman, ýakymly ýatlamalaryň bir bölegine öwrülýär.
Amangeldi aga meniň üçin şeýle adamlaryň biridi.
Indi şol bilelikde gülen, degişen günlerimiz ýakymly ýatlama bolup galdy…
Ýatan ýeriň ýagty, jaýyň jennet bolsun, Amangeldi aga!
