BIZNES

Türkmenistanyň dokma senagaty Ýewropada tanyşdyrylýar

Şu gün, 17-nji noýabrda, Polşada FAST TEXTILE 2026 halkara sergisi açyldy. Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň dokma senagatyna bagyşlanan pawilýon hem görkezilýär. Pawilýonyň ekspozisiýasyny serginiň resmi hyzmatdaşy bolan «Turkmen Expo» kompaniýasy guraýar.

Pawilýonda Türkmenistanyň dokma kärhanalary, fabrikleri we önümçilik toplumlary öz önümlerini tanyşdyrýarlar. Sergä gelýänler milli dokma önümleriniň giň görnüşleri, şol sanda ýüplükler, matalar, taýýar egin-eşikler we beýleki dokma önümleri bilen tanşyp bilerler.

FAST TEXTILE Polşada dokma senagaty boýunça hünärmenler üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen sergi meýdançalarynyň biridir. Bu sergi öndürijileri, üpjün edijileri, halkara brendleri, önüm paýlaýjylary we lomaý alyjylary bir ýere jemleýär. Öňki gezek geçirilen şergä 40 ýurtdan 14 600-den gowrak hünärmen gatnaşdy, şeýle hem ýüzlerçe kompaniýalar öz önümlerini görkezdiler.

Bu sergi Türkmenistanyň dokma önümlerini öndürijilere öz önümlerini halkara bazarlarynda ilerletmek, göni işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri döredýär. Üç gün dowam etjek serginiň çäklerinde türkmen kärhanalarynyň wekilleri B2B duşuşyklaryny geçirer, önümçilik mümkinçiliklerini tanyşdyrar we täze bazarlara çykmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Related posts

İhaleler: 3 ayrı vilayette Türkmen’in Ak Evi binaları inşa edilecek

vepa

Türkmenistan – Awstriýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi

Döwlet býujetiniň çykdajylary azaldylar