TESWIRLER

Alan hoşal, beren hoşal, seniňki nämelik?

Käwagt özümiziň ýaşap ýören jemgyýetimizde käbir türkmenlere, Oguz hanyň nesli bolan türkmen halkyna gelişmejek, türkmençilik bilen bagdaşmajak käbir hereketlere we hereketsizlige bolan nägileligimi bildirip, post paýlaşýaryn.

Umuman, paýlaşýan postlaryma berilýän reaksiýalar jemgyýetimiziň pikirini belli bir derejede öwrenmäge mümkinçilik berýändigi üçin, men olary öz ýanymdan seljerýärin.

Haýsy temadaky postlara nähili reaksiýa bildirilýär? Adamlar nämäni goldaýar, nämä garşy çykýar, nämä bolsa düýbünden biparh garaýar?

Bularyň hemmesi jemgyýetimiziň ýagdaýy barada belli bir düşünje edinmäge mümkinçilik berýär.

Soňra öz-özüme şeýle diýýärin:

«Alan razy, beren razy, saňa näme bolýar?»

Elbetde, Käbä tarap ýola çykan garynjanyň mysaly, iň bolmanda, öz niýetimi we haýsy tarapdadygymy belli edeýin diýýärin!

Öňler «Çagalar hapa sözleri köp ulanýar» diýip, nägile bolýardyk. Gynansak-da, indi şol hapa sözleri gelin-gyzlarymyzyň agzyndan hem eşidip başladyk!

Bu diňe bir mysal. Şunuň ýaly jemgyýetimiz üçin möhüm hasaplaýan başga-da birnäçe tema boýunça post paýlaşdym.

Ýöne şol postlardan siziň habaryňyz bolman hem biler. Sebäbi bary-ýogy 10 adam «laýk» goýandygy üçin, algoritm olary, belki, 1000 adama-da ýetirmändir.

Emma käbir ýeňil-ýelpaý, dawa-jenjeliň ýa-da masgaralaýjy gürrüňleriň daşynda aýlanýan postlar müňlerçe adama ýetýär.

Meniň iň gaharymy getirýän zatlaryň biri bolsa şeýle postlaryň aşagynda ýazylýan: «Süri agsaksyz bolmaz!» diýen teswirlerdir.

Elbetde, süri agsaksyz bolmaz!

Ýöne her bir ýaramaz hereketi «Süri agsaksyz bolmaz» diýip aklap ýörsek, bir gün seredip otursak, hemmämiz agsaga öwrülip barýan bolaýmaýlyň?!

Jemgyýetde ýaramaz hereketleriň bolmagy bir mesele, şol hereketlere öwrenişip, olary adaty ýagdaý hökmünde kabul edip başlamagymyz bolsa has uly mesele!

Men hiç kimiň kämil bolmalydygyny öňe süremok. Ýöne ýaramaz hereketlere biparh garamazlygy, iň bolmanda, olary kadaly ýagdaý hökmünde kabul etmezligi möhüm hasaplaýaryn.

Sebäbi jemgyýetiň nähilidigi diňe ýaramaz hereket edýänleriň sany bilen däl, şol hereketlere galan adamlaryň nähili garaýandygy bilen hem kesgitlenýär!

Şonuň üçin hem käwagt «Saňa näme bolýar?» diýen soraga jogabym örän ýönekeý:

Men hem şol jemgyýetiň bir agzasy. Şonuň üçin maňa-da degişli!

Related posts

Jeýhun bahry joşup Gürgene aksyn

Annageldi Jülgäýew

Ata Watan Eserleri

Hudaýberdi Durdyýew

Ata Watan Eserleri