SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Aýyň täleýnamasy 2026: Noýabr

Gündelik täleýnamasy bilen işjeň gyzyklanýan okyjylar! Size tutuş 2026-ny ýylyň  Noýabr   aýynyň täleýnamasyny hödürleýäris.

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Sizi üstünlikli aý garaşýar. Ýöne bu döwürde her bir işde paýhasly we seresap hereket etmegiň zerurdygyny ýatdan çykarmaly dälsiňiz. Esassyz töwekgelçiliklerden gaça durup, ähli işleri yzygiderli alyp barmak, bulaşyklyga ýol bermezlik maslahat berilýär. Häzirki döwürde durmuşyňyzyň ähli ugurlarynda tertip-düzgüni saklamak size-de, ýakynlaryňyza-da köp ýeňillik getirer. Bu diňe bir iş durmuşyna däl, eýsem şahsy gatnaşyklara-da degişlidir. Ýakynlaryňyz bilen aragatnaşykda düşnüksiz ýagdaýlardan, ýaňzytmalardan we aýdylman galýan sözlerden gaça duruň. Adamlar bilen gatnaşyklaryňyz näçe açyk we düşnükli bolsa, özüňizi şonça-da rahat duýarsyňyz.Noýabr aýynyň ikinji ýarymy birinji ýarymyna garanyňda has şowly we asuda geçer. Möhüm meseleleri çözmek, uzak wagt bäri garaşdyryp gelýän işleri ýola goýmak üçin hut şu döwür amatly bolar. Aýyň ortalarynda hünär durmuşyňyzda we şahsy gatnaşyklaryňyzda käbir üýtgeşmeler bolup biler. Şeýle ýagdaýlarda ilki bilen öz içki duýgyňyza gulak asmak möhümdir. Daş-töweregiňizdäkileriň maslahatlary peýdaly bolup biler, ýöne durmuşyňyzda bolup geçýän ýagdaýlara hemmeler dogry düşünip bilmez.Maliýe ýagdaýyňyz aýyň dowamynda birsydyrgyn bolmaz. Garaşylmadyk çykdajylar ýüze çykyp, käbir ýagdaýlarda ep-esli mukdarda pul harçlamaly bolmagyňyz mümkin. Esasanam çagalarynyň aladasyny edýän maşgala agzalary üçin çykdajylary azaltmak aňsat bolmaz. Şeýle-de bolsa, birnäçe amatly şertnama baglaşmaga mümkinçilik dörär. Girdejileriňiziň ýakyn wagtda artmagyna ýardam etjek teklibi hem alyp bilersiňiz. Käbir Hamallar iş ýerini üýtgetmek barada oýlanarlar. Häzirki döwür şeýle karar üçin amatly bolup biler.
Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)
Bu aý birsydyrgyn geçmez, käbir aladaly ýagdaýlar hem ýüze çykyp biler. Aýyň birinji ýarymy, esasanam ähli işi çalt we netijeli ýerine ýetirmäge öwrenişen Sowurlar üçin birneme dartgynly bolar. Käbir işler gijigip, meýilleşdirilen netijelere garaşanyňyzdan has giç ýetmegiňiz mümkin. Bu ýagdaý sabyrsyzlygyňyzy artdyryp biler. Mundan başga-da, iş ýeriňizde çözülmegi aňsat bolmadyk meseleler ýüze çykmagy ähtimal. Şeýle ýagdaýlarda tejribäňize daýanyp, kynçylyklardan çykmagyň dogry ýoluny tapmaly bolarsyňyz.Hyzmatdaşlaryňyz we ýolbaşçylaryňyz bilen gatnaşyklarda hem käbir düşünişmezlikler bolup biler. Käwagt hereketleriňiziň sebäbine töweregiňizdäkiler düşünmezler. Şonuň üçin öz garaýyşlaryňyzy düşündirmäge, kabul eden kararlaryňyzyň näme üçin dogrudygyny deliller arkaly görkezmäge taýýar boluň.Noýabr aýynyň ikinji ýarymy has amatly geçer. Täze işe başlamak, öňden bäri meýilleşdiren maksatlaryňyzy durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikler açylar. Garaşylmadyk ýakymly ýagdaýlar durmuşyňyzy gowy tarapa üýtgetmäge kömek eder. Bu döwürde çynlakaý päsgelçilikleriň ýa-da ýakymsyz garaşylmadyk wakalaryň ýüze çykmagy ähtimal däl. Mundan başga-da, aýyň ikinji ýarymy gyzykly duşuşyklara we peýdaly tanyşlyklara baý bolar. Täze adamlar bilen aragatnaşygyňyzy giňeltmäge mümkinçilik taparsyňyz. Olaryň käbiri geljekde durmuşyňyzda möhüm orun eýeläp biler.
Noýabr aýynyň soňky günleri maliýe taýdan hem şowly bolar. Uly möçberli geleşikleri baglaşmak we goşmaça girdeji gazanmak üçin amatly mümkinçilikler dörär. Olardan ýerlikli peýdalanyp bilseňiz, maddy ýagdaýyňyz ep-esli gowulaşyp biler.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Sizi wakalara baý, gyzykly we täze ylham berjek aý garaşýar. Noýabr hünär taýdan ösüş üçin birnäçe mümkinçilikleri açar. Eger soňky döwürde işiňizde öňe gidip bilmeýändigiňizi ýa-da käbir mümkinçilikleri elden giderendigiňizi duýan bolsaňyz, ýagdaýyňyz indi gowy tarapa üýtgäp biler. Öň köpüň ünsüni çekmedik başarnyklaryňyza we zehiniňize zerurlyk ýüze çykar. Şeýle hem maliýe ýagdaýyňyzy berkitmek we girdejileriňizi artdyrmak mümkinçiligiňiz bolar.Elbetde, munuň bilen birlikde iş ýüküňiz hem artar. Muňa garamazdan, ýagdaýyň umumy netijesi sizi kanagatlandyrar. Işewür gatnaşyklarda hem oňyn özgerişlikler bolup biler. Öňki döwürde siziň hünär başarnyklaryňyza şübhe bilen garan adamlar ýalňyşandyklaryna düşünerler we siziň bilen hyzmatdaşlyga has höwesli bolarlar.Noýabr aýynda köp Jöwzalaryň abraýly we täsirli adamlar bilen tanyşmagy mümkin. Şeýle adamlaryň goldawy bilen öň çözmäge het edip bilmedik käbir möhüm meseleleriňizi hem üstünlikli amala aşyryp bilersiňiz. Aýyň ortalary bolsa has çylşyrymly geçip biler. Esasanam başgalaryň kömegine bil baglaýan Jöwzalar garaşan goldawyny wagtynda alyp bilmezler. Öň hemişe ýanyňyzda bolan adamlar öz işleri bilen gümra bolup, siziň nämä mätäçdigiňize düşünmezlikleri mümkin. Şonuň üçin käbir kynçylyklary özbaşdak çözmeli bolarsyňyz. Muňa garamazdan, ahyrynda garaşylýan netijä ýetmegiňiz ähtimal.Aýyň ikinji ýarymy söýgi we romantik gatnaşyklar üçin aýratyn amatly bolar. Bu, esasanam täze tanyşlyklara açyk bolan Jöwzalara degişlidir. Köpçülik ýerlerinde, dürli çärelere gatnaşmak üçin mümkinçilikleriňiz artar. Şol duşuşyklarda üns merkezinde bolup, gyzykly adamlar bilen tanyşyp bilersiňiz. Ol tanyşlyklaryň käbiri wagtyň geçmegi bilen söýgä hem öwrülmegi mümkin.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Noýabr aýynda size köp zähmet çekmeli bolar. Ähli işler garaşyşyňyz ýaly aňsat amala aşmaz. Şonuň üçin aýyň başyndan dürli meseleleriň çözülmeginiň sabyrlylygy we tagallany talap etjekdigine taýýar boluň. Käbir ýagdaýlarda ýanyňyzda görmek islemeýän adamlaryňyz bilen hem iş salyşmaly bolarsyňyz. Ýöne olaryň arasynda özüni garaşyşyňyzdan has gowy tarapdan görkezjekleri hem bolar. Hatda käbir Seretanlar öň düşünişip bilmedik adamlary bilenem dostlukly gatnaşyk ýola goýup bilerler. Şeýle-de bolsa, käbir çynlakaý meseleleri özbaşdak çözmeli bolarsyňyz.Iş ýeriňizde ýagdaý birneme dartgynly bolup biler. Bu, aýratyn-da, ýaňy-ýakynda täze işe başlan Seretanlara degişli. Täze kärdeşleriňiz ýa-da ýolbaşçylaryňyz hemişe birmeňzeş mähirlilik bilen garamazlygy mümkin. Şahsy garaýyşlar käwagt hünär taýdan dogry kararlaryň kabul edilmegine päsgel berip biler. Şeýle ýagdaýlarda ruhdan düşmezlik we özüňize bolan ynamy ýitirmezlik möhümdir. Aslynda, özüňizi aşa alada goýman, her bir meselä arkaýyn çemeleşseňiz, ýagdaýyň köp tarapyna tiz düşünersiňiz.Söýgi gatnaşyklarynda hem noýabr aýy aňsat geçmez. Esasanam uzak wagt bäri bile bolan, ýöne wagtyň geçmegi bilen biri-birine aýdylmadyk öýke-kineleri we nägilelikleri ýygnan jübütler üçin bu döwür synagly bolup biler. Şeýle meseleleri sabyrlylyk bilen ara alyp maslahatlaşmak zerur bolar. Bu aňsat bolmasa-da, düşünişmezlikleriň sebäbini anyklap, birek-biregiň garaýyşlaryna düşünmek gatnaşyklaryňyzy gowulandyrar. Köp Seretanlar soňky döwürde özlerini biynjalyk edýän sowallara jogap taparlar. Hut şol jogaplar şahsy durmuşda oňyn özgerişlikleriň başlangyjy bolup biler.Täze tanyşlyklar üçin bolsa noýabr aýy erbet döwür däl. Esasanam iş bilen bagly duşuşyklarda ýa-da hünär çärelerinde özüňize ýakyn garaýyşly adam bilen tanyşmagyňyz mümkin. Şeýle duşuşyklar özara gyzyklanma döredip, romantik gatnaşyklaryň başlangyjyna öwrülip biler.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Sizi ähli ugurlar boýunça diýen ýaly şowly aý garaşýar. Ýöne aýyň birinji ýarymynyň ikinji ýarymyna garanyňda has üstünlikli boljakdygyny göz öňünde tutuň. Şonuň üçin möhüm meseleleri çözmegi we jogapkärli işleri soňraky wagta goýman, mümkin boldugyça aýyň başynda amala aşyrmaga çalşyň. Bu döwür netijeli hereket etmek üçin aýratyn amatly bolar.Işewürlikde täze mümkinçilikler we hyzmatdaşlyk teklipleri ýüze çykmagy mümkin. Käbir Esetlere geljegi uly taslamanyň üstünde işlemek teklip ediler. Bu taslama diňe bir maddy taýdan däl, eýsem abraýyňyzyň ýokarlanmagy babatda hem peýdaly bolar. Netijede, öz ugrunyň ökde hünärmeni hökmünde tanalmagyňyz we ýene birnäçe gyzykly teklipleri almagyňyz mümkin.15-nji noýabrdan soň oňyn ýagdaýlaryň täsiri kem-kemden gowşap başlar. Şonuň üçin öňküsi ýaly aňsat üstünlik gazanmak kynlaşyp biler. Şahsy gatnaşyklarda käbir meseleler ýüze çykyp, kärdeşleriňiz bilen düşünişmezlikler hem sizi biynjalyk edip biler. Umuman, aýyň ikinji ýarymynda käbir aladaly ýagdaýlar bolmagy mümkin. Şeýle-de bolsa, umytdan düşmän, özüňize bolan ynamy saklamak möhümdir. Ýüze çykýan kynçylyklara ýeňip geçilmeli meseleler hökmünde garasaňyz, olary çözmegiň ýoluny taparsyňyz.Maliýe taýdan bolsa ep-esli girdeji gazanmak mümkinçiligiňiz bar. Eger soňky döwürde pul ýa-da emläk bilen bagly haýsydyr bir mesele sizi biynjalyk edýän bolsa, onuň özüňiz üçin amatly görnüşde çözülmegi mümkin. Käbir Esetler işewürlikde öz wagtynda başlangyç görkezmek ýa-da täze taslama goşulmak arkaly maddy ýagdaýyny ep-esli gowulandyryp bilerler. Aýyň ikinji ýarymynda peýda boljak täze hyzmatdaşlaryň hem bu işde möhüm orny bolup biler.

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Noýabr aýynyň başy dürli aladalar we çözülmeli işler bilen başlap, size ähli tarapdan kyn ýaly bolup görünmegi mümkin. Emma howlukmaç netije çykarmaga zerurlyk ýok. Sebäbi oňyn özgerişlikler uzak garaşdyrmaz. Esasanam aýyň ilkinji on günlüginden soň ýagdaýyňyz gowulaşyp başlar. Aýyň ikinji ýarymynda bolsa amatly ýagdaýlaryň täsiri has-da güýçlenip, öň ýüzbe-ýüz bolan kynçylyklaryňyzy ýatdan çykaryp bilersiňiz. Işewürlikde täze mümkinçilikler açylar, şahsy gatnaşyklarda ýakymly wakalar bolup biler. Käbir Sünbüleleriň durmuşy hatda düýpli we çalt depginde gowy tarapa üýtgäp başlar.
Aýyň ilkinji günleri pul bilen bagly meselelerde aýratyn seresaplylygy talap eder. Umuman, noýabr aýy maliýe babatda birneme çylşyrymly bolup biler. Garaşylmadyk çykdajylar ýüze çykyp, käbir Sünbülelere öňki bergileri hem ýatladylyp bilner. Eger karz ýa-da başga bir maliýe meseläňizi wagtlaýyn çözmegiň ýollaryny gözleýän bolsaňyz, garaşan goldawyňyzy alyp bilmezligiňiz mümkin. Şonuň üçin başga çözgüt gözlemeli bolarsyňyz. Bu aňsat bolmasa-da, ahyrynda baş alyp çykmagyňyz ähtimal.Soňra has amatly döwür başlanar. Goşmaça girdeji çeşmesini ýa-da goşmaça iş tapmaga mümkinçilik dörär. Bu döwürde pul gazanmak adatdakysyndan has ýeňil bolup biler. Käbir Sünbüleler garaşylmadyk sowgat görnüşinde ep-esli mukdarda pul hem alyp bilerler. Bu bolsa hut wagtynda edilen kömek bolar. Mundan başga-da, aýyň ikinji ýarymy iri söwda we möhüm geleşikler üçin amatlydyr.Täze tanyşlyklara açyk bolan Sünbüleleri aýyň ikinji ýarymynda ýakymly duşuşyklar garaşýar. Durmuşyňyzda möhüm orun eýelejek täze gatnaşyklaryň başlanmagy hem mümkin. Adamlar bilen aňsat dil tapyşarsyňyz. Kim bilen aragatnaşygy dowam etdirmelidigini bolsa içki duýgyňyz size görkezer. Şonuň üçin öz duýgularyňyza üns beriň. Daş-töweregiňizdäkileriň maslahatlaryny diňlemek bolýar, ýöne olara körü körlük bilen eýermek dogry bolmaz.

 Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Noýabr aýynyň ilkinji günlerinden mümkin boldugyça netijeli peýdalanyň. Sebäbi aýyň başy aýratyn şowly bolar. Soňra birneme çylşyrymly döwür başlanmagy mümkin. Şonuň üçin iş we hünär bilen bagly möhüm meseleleriňizi öňünden çözmäge çalşyň. Üstünlik gazanmak üçin başlangyç görkezmeli we jogapkärçiligi öz üstüňize almaly bolarsyňyz. Ýöne munuň üçin özüňizde ýeterlik güýç we ynam taparsyňyz. Şahsy durmuşyňyzda hem şuňa meňzeş ýagdaý bolup biler. Gatnaşyklaryň gowulaşmagy üçin diňe ýoldaşyňyzyň ýa-da göwnüňizdäki adamyň ilkinji ädimine garaşman, özüňiz hem hereket etmelisiňiz.
Noýabr aýynyň ikinji ongünlüginden başlap, ýagdaý birneme çylşyrymlaşyp biler. Maliýe meselelerine has köp üns bermeli bolmagyňyz mümkin. Ýakynlaryňyzyň biri kömegiňize mätäç bolup, käbir ýagdaýlarda ep-esli mukdarda pul gerek bolmagy ähtimal. Şonuň üçin býujetiňizi ünsli meýilleşdirip, kyn ýagdaýa düşen adama näçe möçberde kömek edip biljekdigiňizi anyklaň. Öz mümkinçilikleriňize aşa ýokary baha bermäň.Mundan başga-da, öňden meýilleşdiren käbir satyn alyşlaryňyzy täzeden gözden geçirmeli bolarsyňyz. Käbir zatlary häzir satyn almaga maliýe ýagdaýyňyzyň mümkinçilik bermeýändigine düşünip, olary yza süýşürmek kararyna gelip bilersiňiz. Hatda käbir satyn alyşlary indiki ýyla çenli goýmak hem gerek bolar. Muňa düşünjeli çemeleşiň we elden giden mümkinçilikler barada aşa alada etmäň. Häzirki wagtda iň esasy zat  uly maliýe borçnamalaryna howlukmaç girişmezlik, bar bolan serişdeleri tygşytlamak we girdejileri artdyrmagyň ýollaryny gözlemek.Aýyň ikinji ýarymy şahsy gatnaşyklar babatda hem birneme çylşyrymly bolup biler. Öň üns bermeýän käbir meseleleriňiz birden ýüze çykyp biler. Ýakyn adamyňyzyň köp wagt bäri nägiledigine, ýöne muny size aýtman gelendigine düşünmegiňiz mümkin. Özüňize ýaraýan tanyşyňyzyň bolsa garaşylmadyk hereketleri sizi biynjalyk edip biler. Şeýle döwürde köp Mizanlar öz gatnaşyklary barada çynlakaý oýlanarlar: näme isleýändiklerini, geljekde nähili gatnaşyk gurmak isleýändiklerini we bu gatnaşyklaryň nähili dowam etmelidigini seljererler. Käbir netijeler göwnüňize ýaramasa-da, gutarnykly karara gelmäge howlukmaň.

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Noýabr aýynyň ýeňil we aladasyz geçmegine garaşmak kyn. Has ähtimaly, bu aý size dürli kynçylyklary we synaglary getirer. Käbir Akraplar üçin bolsa ol hakyky çydamlylyk synagyna öwrülip biler.
Aýyň birinji ýarymynda ýagdaýyň gowulaşmagyna umyt döredýän mümkinçilikler peýda bolar. Emma şol mümkinçiliklerden peýdalanmak üçin çalt we aýgytly hereket etmek zerur. Üstünlik gazanmak üçin dörän amatly pursatlary elden gidirmäň. Ýöne ähli Akraplar beýle işjeňlige taýýar bolmazlar. Käbirleri garaşmagy we ýagdaýyň öz-özünden gowy tarapa üýtgemegine umyt etmegi makul bilerler. Öň şeýle garaşmak oňyn netije beren hem bolsa, häzirki döwürde bu usul diňe lapykeçlige we mümkinçilikleriň elden giderilmegine sebäp bolup biler.Noýabr aýynyň ortalary işewür we şahsy gatnaşyklar babatda aýratyn çylşyrymly geçer. Adamlaryň arasynda dartgynlylyk ýüze çykyp, onuň asyl sebäbine düşünmek hem aňsat bolmaz. Käbir Akraplar ýüze çykan meseleler üçin jogapkärçiligi başgalaryň üstüne atmaga meýilli bolup bilerler. Emma beýle çemeleşme gatnaşyklary gowulandyrmaz we düşünişmezlikleri has-da artdyrar.Aýyň ahyrynda öňden bäri üns bermezlige çalşan amaly meseleleriňize ýüzlenmeli bolarsyňyz. Eger haýsydyr bir meseläniň öz-özünden çözülmegine garaşan bolsaňyz, indi onuň henizem öz güýjünde galýandygyny boýun almaly bolarsyňyz. Herekete geçmegiň we jogapkärçiligi öz üstüňize almagyň wagty geler. Şol wagta çenli bolsa dürli aladalar we yzygiderli karar kabul etmek zerurlygy sebäpli ýadawlyk duýup bilersiňiz. Şonuň üçin öň özüňize ýakyn we özüne çekiji bolup görünýän maksatlaryňyza tarap hereket etmek hem kynlaşmagy mümkin.Umuman, noýabr aýy Akraplardan özlerini yzygiderli öňe iteklemegi talap eder. Gazanan üstünlikleriňiz hem käwagt garaşyşyňyz ýaly şatlyk getirmez. Sebäbi şol netijelere ýetmek üçin içki päsgelçilikleri ýeňip geçmeli bolarsyňyz.

Kowus (keman 23.11 – 21.12) 

Noýabr aýy dürli wakalara baý we käbir meselelerde düşnüksiz geçse-de, umuman alanyňda, erbet aý bolmaz. Bu döwür hakykatdan-da siziň üçin möhüm bolan işlere ünsüňizi jemlemäge mümkinçilik berer. Geljek üçin meýilnama düzýän wagtyňyz içki duýgyňyza gulak asyň. Ol haýsy işe häzir girişmelidigini, haýsysyny bolsa soňraky wagta goýmagyň has dogry boljakdygyny görkezer. Daş-töweregiňizdäkileriň maslahatlary käwagt sizi bulaşdyryp biler. Şonuň üçin olaryň her bir sözüne aşa ähmiýet bermäň.Aýyň başy işewür we şahsy gatnaşyklar üçin amatly bolar. Täze hyzmatdaşlary ýa-da pikirdeş adamlary gözleýän bolsaňyz, olary tapmagyňyz mümkin. Şeýle hem ýakymly romantik tanyşlyk bolup, owadan söýgi wakasynyň başlangyjyna öwrülmegi ähtimal. Noýabr aýynyň birinji ýarymynda hünär, medeni we dynç alyş çärelerine adatdakysyndan has köp gatnaşarsyňyz. Tejribesi we dünýägaraýşy sizden tapawutlanýan adamlar bilen gyzykly söhbetdeşlikler geçirersiňiz. Şeýle aragatnaşyk size peýdaly bolar we öň adaty hasaplan käbir zatlaryňyza başgaça garamaga itergi berer. Netijede, ozal üns bermedik mümkinçilikleriňizi görüp, meýilnamalaryňyza degişli üýtgetmeler girizip bilersiňiz.Aýyň ortalary esasanam iş bilen meşgullanýan Kowuslar üçin birneme kyn geçer. Käbir işler gijigip, meýilleşdirilen netijelere ýetmek başda kynlaşyp biler. Ýolbaşçy wezipesinde işleýän Kowuslaryň işgärler bilen aragatnaşygynda hem meseleler ýüze çykmagy mümkin. Käbir işgärler bilen işleşmegi bes edip, olaryň ýerine täze hünärmenleri gözlemeli bolmagyňyz ähtimal. Bu ýagdaýlar sizi ýadatmagy mümkin, ýöne wagtyň geçmegi bilen kynçylyklar kem-kemden aradan aýrylar.Şeýle döwürde şahsy durmuşyňyzy hem ünsden düşürmäň. Ýakyn adamyňyz sizi biynjalyk edýän meseleleri paýlaşsaňyz, goldamaga taýýar bolar. Ýöne onuň hem siziň durmuşyňyzda möhüm orun eýeleýändigini duýmagy zerurdyr. Iş aladalary sebäpli ýoldaşyňyzdan biraz daşlaşmagyňyz mümkin. Emma häzirki döwürde muňa ýol bermäň. Birek-birege üns bermek we goldaw görkezmek gatnaşyklaryňyzdaky sazlaşygy saklamaga kömek eder.
Noýabr aýynyň ahyry hem doly aladasyz geçmez, ýöne kynçylyklary çözmek has aňsat bolar. Şol wagta çenli maksatlaryňyza ýetmek üçin näme etmelidigiňize has gowy düşünersiňiz. Köp wagt bäri jogabyny gözleýän sowallaryňyza hem jogap tapmagyňyz mümkin. Bu döwür maşgala meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak we ýakyn adamyňyz bilen umumy geljegiňiz barada söhbetdeşlik geçirmek üçin amatly bolar. Köp Kowuslar üçin emosional ýagdaý aýratyn ähmiýete eýe bolar. Siz özüňizi hakykatdan-da bagtly duýmak islärsiňiz we munuň üçin zerur mümkinçilikler hem dörär.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Noýabr aýy wakalara baý, gyzykly we täsirli geçer. Emma ähli işleri öňünden düzülen meýilnama boýunça amala aşyrmak başartmazlygy mümkin. Käbir ýagdaýlarda täze usullary synap görmeli, adaty bolmadyk çözgütleri gözlemeli we ýagdaýlara görä çalt karar kabul etmeli bolarsyňyz. Hemme zady öňünden meýilleşdirmegi halaýan Jedi üçin bu ýagdaý birneme oňaýsyz bolup biler. Adatça bil baglaýan adamlaryňyz hem öz işleri bilen meşgul bolup, size garaşan kömegiňizi ýa-da peýdaly maslahatyňyzy berip bilmezler. Şonuň üçin käbir kararlary özbaşdak kabul etmäge we netijeleri üçin jogapkärçiligi öz üstüňize almaga taýýar boluň.Köp Jedi üçin bu aňsat bolmaz. Käwagt möhüm ädimleri ätmek üçin özüňizi höweslendirmeli bolarsyňyz. Ýöne ähli kynçylyklara garamazdan, baş alyp çykarsyňyz. Durmuş tejribäňiz, paýhasyňyz we içki duýgyňyz çylşyrymly ýagdaýlarda-da dogry ýoly saýlamaga kömek eder.
Aýyň ortalary aýratyn dartgynly geçer. Bir wagtyň özünde durmuşyňyzyň birnäçe ugruna üns bermeli bolarsyňyz. Dynç almaga wagt tapmak hem kynlaşyp biler. Bu ýagdaý saglygyňyza we umumy ýagdaýyňyza täsir etmegi mümkin. Şonuň üçin işleri dogry tertipleşdirmek we ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek örän möhümdir. Hemme zady kämil ýerine ýetirmäge borçly däldigiňizi ýatdan çykarmaň. Käbir ýagdaýlarda özüňize talaplary biraz peseldip, ýalňyşlyklaryňyza düşünjeli garamak we özüňizi aýamak gerek. Şeýle hem başgalaryň ýalňyşlary üçin hemişe jogapkärçilik çekmäň. Käwagt ilki bilen öz bähbitleriňizi we saglygyňyzy göz öňünde tutmak zerurdyr.Noýabr aýynyň ahyry has asuda geçer. Bu döwür öň başlan işleriňizi tamamlamak we uzak möhletli meýilnamalaryňyzy gözden geçirmek üçin amatly bolar. Haýsy işe ilki bilen girişmelidigini, haýsysyny bolsa soňraky wagta goýmalydygyny özüňiz kesgitläp bilersiňiz. Daş-töweregiňizdäkiler hem işleriňize öňküsi ýaly kän goşulmazlar. Köp Jedi üçin bu ýagdaý ýakymly özgerişlik bolar.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02) 

Noýabr aýynda Daluwlara köp zähmet çekmeli bolar. Hatda uly bolmadyk üstünliklere ýetmek üçin hem ep-esli tagalla talap ediler. Emma ýyldyzyň ähli wekilleri muňa taýýar bolmazlar. Käbirleri ýagdaýyň öz-özünden gowulaşmagyna garaşmagy makul bilseler-de, munuň bolmagyna kän bir umyt baglamak gerek däl. Şonuň üçin özüňizi ele alyp, herekete başlaň, öňden meýilleşdiren işleriňizi durmuşa geçiriň we beren sözleriňizi ýerine ýetiriň. Häzirki döwürde sizden jogapkärçilikli bolmak we hakykatdan-da möhüm meselelere üns bermek talap ediler.Iş ýeriňizde täze wezipeler we çözülmeli meseleler ýüze çykar. Olaryň käbirini ýerine ýetirmek üçin başgalaryň kömegine mätäç bolmagyňyz mümkin. Bagtyňyza, zerur goldawy wagtynda alyp bilersiňiz. Mundan başga-da, peýdaly tanyşlyklar hem bolup biler. Ilkibaşda täze tanyşlaryňyz öz tejribelerini paýlaşyp ýa-da ýerlikli maslahat berip bilerler. Wagtyň geçmegi bilen bolsa siziň umumy gyzyklanmalaryňyzyň köpdügine göz ýetirersiňiz. Hatda geljekde uzak möhletli hyzmatdaşlyk barada pikir alşyp başlamagyňyz hem mümkin.Aýyň ikinji ýarymynda öz işini alyp barýan Daluwlar aýratyn seresap bolmalydyrlar. Garaşylmadyk ýakymsyz ýagdaýlar, duýdansyz barlaglar, hyzmatdaşlar ýa-da köp wagt bäri işleşýän müşderiler bilen düşünişmezlikler ýüze çykyp biler. Şeýle ýagdaýlaryň käbiri geljekki hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine-de şübhe döredip biler. Käwagt çekýän zähmetiňiziň örän köpdügine garamazdan, gazanýan netijeleriňiziň garaşyşyňyzdan pesdigini duýmagyňyz mümkin. Şeýle-de bolsa, zähmetiňiz biderek bolmaz. Noýabr aýynyň ahyrynda bolsa hoş habarlar alyp bilersiňiz. Şonuň üçin ruhdan düşmäň we ähli zat garaşyşyňyz ýaly bolmasa-da, başlan işiňizi ýarym ýolda goýmaň.
Hut (balyk 21.02 – 20.03) 
Noýabr aýynyň başy wakalara we aladalara örän baý bolar. Bir wagtyň özünde birnäçe meseläni çözmeli, dürli jogapkärçilikleri ýerine ýetirmeli bolmagyňyz mümkin. Ilkibaşda haýsy işe üns bermelidigini we nämäni birinji nobatda çözmelidigini kesgitlemek kyn bolar. Üstesine-de, maslahatlaşyp biljek adamyňyzyň tapylmazlygy hem mümkin. Bu döwür ruhy we fiziki taýdan ýadaw bolup, sizden köp güýç hem-de sabyr talap eder.Aýyň ikinji ongünlüginden başlap ýagdaý kem-kemden üýtgäp başlar. Elbetde, meseleler doly ýeňilleşmez, ýöne indi nämä üns bermelidigine we haýsy ugurda hereket etmelidigine has gowy düşünersiňiz. Köp zat siziň tutanýerliligiňize, özüňizi tertip-düzgünde saklap bilşiňize we ähli zat garaşyşyňyz ýaly bolmasa-da, özüňize bolan ynamyňyzy ýitirmezligiňize bagly bolar.Noýabr aýynda söýgi gatnaşyklarynda hem ähli zat birsydyrgyn bolmaz. Bu hatda uzak wagt bäri bile ýaşaýan jübütlere-de degişlidir. Öňki düşünişmezlikler we çözülmedik meseleler ýene-de ýüze çykyp biler. Hatda özüňiziň hem eýýäm ýatdan çykaran köne ýalňyşlyklaryňyz üçin ötünç soramagyňyza garaşylmagy mümkin. Mundan başga-da, geçmişiňiz bilen bagly käbir adamlar ýene-de habarlaşyp, sizi oýlandyryp bilerler. Emma öňki gatnaşyklara dolanmak islemersiňiz. Sebäbi şol döwürdäki duýgularyň indi galmandygyna we köne meseleleriň täzeden gaýtalanmagynyň zerur däldigine gowy düşünýärsiňiz. Muňa garamazdan, käwagt şahsy durmuşyňyzda bir zatlaryň ýetmeýändigini duýmagyňyz mümkin.Umuman, noýabr aýy käbir pursatlarda kyn, hatda duýgular babatda dartgynly geçip biler. Ýöne aýyň ahyryna golaý oňyn ýagdaýlaryň täsiri güýçlenip başlar. Durmuşyňyzdaky meseleleriň kem-kemden öz çözgüdini tapýandygyny görersiňiz. Içki duýgyňyz bolsa ýagdaýy gowulandyrmak üçin nähili hereket etmelidigiňizi görkezer. Şonuň üçin ruhdan düşmäň, söýýän adamyňyz bilen açyk we çyn ýürekden gürleşiň, onuň pikirini hem diňläň we gatnaşyklaryňyzy aýawly saklaň. Häzirki döwürde köp zat öz şahsy çäkleriňizi näderejede aýdyň kesgitläp biljekdigiňize we olary gorap bilşiňize bagly bolar.

Related posts

23-nji fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

7-nji sentýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ata Watan Eserleri

Hepdelik täleýnama (02-08-nji oktaýabr)