Hamal (guzy 21.03 — 20.04)
Bu hepde siziň üçin diýseň üstünlikli geçer. Köp işler garaşyşyňyzdan hem gowy netije berer. Iş we kär babatda oňyn özgerişlikler bolup biler. Hususan-da, ýakyn wagtda girdejiniň artmagyna mümkinçilik berýän täze iş tekliplerini alyp bilersiňiz. Käbir Hamallar kär basgançagynda ýokary galmaga ýa-da hünär derejesini berkitmäge mümkinçilik taparlar. Şeýle hem peýdaly tanyşlyklar we täze işewür hyzmatdaşlar peýda bolup biler. Ozal alan bilimleriňiz hem şu günlerde uly kömek berer. Şol tejribäniň netijesinde öňden bäri bäsleşip gelýän adamlaryňyzdan üstün çykyp bilersiňiz.Şahsy durmuş babatda hem hepde amatly bolar. Täze tanyşlyklar üçin hem, dowam edýän gatnaşyklary has-da berkitmek üçin hem gowy mümkinçilikler açylar. Söýýän adamyňyz bilen gatnaşyklaryňyz şatlyk getirer. Öň düşünişmezlik döredýän meseleleri indi arkaýyn ara alyp maslahatlaşyp, özara ylalaşyga gelip bilersiňiz. Geljek ýyl durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki meýilnamalaryň döremegi hem mümkin. Käbir Hamallar söýgülisi bilen bilelikde syýahata gitmek barada oýlanyp başlarlar. Munuň üçin anyk mümkinçilikler hem peýda bolup biler.
Maliýe ýagdaýy boýunça hem hepde şowly geçer. Esasan-da, täze ugurda özüni synap görmek isleýänler üçin amatly döwür bolar. Bir wagtlar diňe gyzyklanma bilen öwrenen zatlaryňyz indi goşmaça girdeji gazanmaga ýardam edip biler.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Hepdäniň başynda käbir aladaly ýagdaýlar ýüze çykyp biler, emma umumylykda öňüňizde ýakymly günler garaşýar. Esasy zat, duşenbe we sişenbe günleri möhüm kararlary kabul etmäge howlukmaň. Bu günler iş, kär we telekeçilik bilen bagly meselelerde seresaplylygy talap eder.Şahsy gatnaşyklarda hemme zat hemişe isleýşiňiz ýaly bolman biler. Söýýän adamyňyz bilen ownuk düşünişmezlikler ýüze çykmagy mümkin. Ýagdaýy dartgynlaşdyrmazlyk we jedelleriň öňüni almak üçin sabyrly hem-de mylaýym bolmaga çalşyň.Hepdäniň ikinji ýarymy has amatly bolar. Bu döwürde hünär babatda üstünlik gazanmak we girdejini artdyrmak üçin birnäçe mümkinçilik peýda bolar. Mysal üçin, size gowy hak tölenýän goşmaça iş teklip edilmegi mümkin. Şeýle hem iş saparlary, täze hyzmatdaşlary gözlemek we peýdaly gatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly döwür bolar.Söýgi gatnaşyklarynda hem oňyn özgerişliklere garaşyp bilersiňiz. Soňky günlerde bolup geçen wakalary söýýän adamyňyz bilen arkaýyn ara alyp maslahatlaşmaga we düşünişmezlikleriň esasy sebäbini anyklamaga mümkinçilik dörär.Hepdäniň dowamynda özüňizi gowy duýarsyňyz. Oňyn keýpiňizi saklamak size güýç-kuwwat berer.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Hepdäniň başynda adamlar bilen aragatnaşyk saklamak biraz kynlaşyp biler. Esasan-da, işde ýa-da öýde çylşyrymly meseleleri ara alyp maslahatlaşanyňyzda özüňizi ele almaga çalşyň. Çynlakaý gepleşikleri wagtlaýyn yza süýşürmek hem ýerlikli bolar. Emma ýagdaý tiz wagtdan gowulaşar.Hepdäniň ortalary köp babatda üstünlikli geçer. Käbir Jöwzalar işlerinde uly öňegidişlik gazanyp, öňki bäsdeşlerinden öňe saýlanyp bilerler. Şeýle hem täsirli adamlar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak we amatly şertlerde hyzmatdaşlyk tekliplerini almak mümkinçiligi dörär.Bu günler täze tanyşlyklar we gyzykly duşuşyklar bilen hem ýatda galar. Mysal üçin, hünär bilen bagly çärä gatnaşanyňyzda diňe iş taýdan däl, eýsem dostluk ýa-da romantik gatnaşyklar babatda hem gyzyklanma döredýän adamlar bilen tanyşyp bilersiňiz. Umuman, täze söýgi gatnaşyklaryny başlamak üçin hepde amatly bolar. Ýöne wakalaryň ösüşini çaltlaşdyrmaga synanyşmaň.Hepdäniň ikinji ýarymynda öý we maşgala bilen bagly ýakymly işler köpelip biler. Maşgalada şatlykly wakalaryň bolmagy, uzakda ýaşaýan garyndaşlaryň ýa-da köp wagtdan bäri görmedik dostlaryňyzyň garaşylmadyk ýagdaýda myhmançylyga gelmegi mümkin.Maliýe ýagdaýy hem gowulaşar. Garaşýan girdejileriňiz çak edişiňizden köp bolup biler.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Bu hepde howlukmaň. Käbir işler garaşyşyňyzdan has köp wagt talap edip biler, eden tagallalaryňyzyň netijesi bolsa isleýşiňiz ýaly bolmazlygy mümkin. Ýöne bu ýagdaý ruhdan düşmäge ýa-da meýilnamalaryňyzdan ýüz öwürmäge sebäp bolmaly däl. Munuň ýerine, maksatlaryňyza ýetmekde size kimiň kömek edip biljekdigi barada oýlanyň. Häzirki döwür täze hyzmatdaşlary tapmak we bilelikde hereket etmek üçin amatlydyr. Hepdäniň ortalarynda peýdaly tanyşlyklar bolup biler. Şeýle hem işewür gepleşikleri geçirmek üçin gowy mümkinçilikler açylar.Käbir Seretanlara täze iş bilen bagly teklipler gelip biler. Häzirlikçe bu teklipler boýunça ylalaşyklar gutarnykly bolmasa-da, geljekki mümkinçilikler umyt döredýär. Hepdäniň ikinji ýarymy hususy işini ösdürmek bilen meşgullanýan Seretanlar üçin has-da netijeli bolar. Täze müşderileri, sargytçylary we hyzmatdaşlary tapmaga, işewürlikdäki ornuňyzy berkitmäge mümkinçilik dörär. Girdejiňizde uly bolmadyk ösüş bolup biler, ýöne iň esasy zat, maliýe ýagdaýyňyzyň has durnukly we öňünden çaklap boljak derejä gelýändigine göz ýetirersiňiz.Söýgi gatnaşyklarynda hem oňyn özgerişlikler garaşýar. Eger bilelikde romantik syýahata gitmek isleýän bolsaňyz, ony dynç günlerine däl-de, çarşenbe, penşenbe ýa-da anna günlerine meýilleşdireniňiz gowy. Maliýe babatda hepde erbet bolmaz, ýöne puly sarp etmekde seresaplylyk zerur. Esasan-da, öňünden meýilleşdirilmedik iri söwdalara howlukmaň. Umuman, duýdansyz çykdajylardan saklanmak has ýerlikli bolar.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Bu hepde tutanýerliligiňizi we maksada okgunlylygyňyzy görkezmek üçin amatly döwür bolar. Hut şu häsiýetleriňiz köp işde üstünlik gazanmagyňyza kömek eder. Hatda ýaňy-ýakynda çözülmesi kyn ýaly görünýän meseleleriň hem oňyn çözgüdini tapyp bilersiňiz. Peýdaly tanyşlyklar gurmaga mümkinçilik dörär. Käbir Esetler täsirli adamlar bilen tanyşyp, hatda dostlukly gatnaşyklary hem ýola goýup bilerler. Olaryň goldawy geljekde size uly ýardam berer.Maliýe ýagdaýyňyza aýratyn üns beriň. Häzirki döwürde adatdakydan has köp pul sowmaga meýilli bolup bilersiňiz. Käwagt özüňize bu çykdajylaryň gerekdigini ýa-da däldigini pikir etmän, duýdansyz söwda etmegiňiz mümkin. Şeýle-de bolsa, býujetiňize uly howp abanmaz. Sebäbi hepde ortalaryndan soň maliýe serişdeleriňizi artdyrmaga mümkinçilik döremegi ähtimal.Söýgi babatda hepde diýseň amatly bolar. Esasan-da, täze tanyşlyklara açyk bolan Esetler üçin mümkinçilikler köp bolar. Siziň özüne çekijiligiňiz artar, şonuň üçin köp adamlar siziň bilen söhbetdeş bolmaga, ýakyndan tanyşmaga we bile wagt geçirmäge isleg bildirerler.Hepdäniň ikinji ýarymynda fiziki zähmet çekilende we sport bilen meşgullananyňyzda aýratyn seresap boluň. Ownuk şikesleriň ýüze çykmagy mümkin. Olar çynlakaý kynçylyk döretmese-de, wagtlaýyn oňaýsyzlyk döredip biler.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Bu hepde işleriňiziň möçberi adatdakydan köp bolup biler. Diňe öz gündelik borçlaryňyzy däl, eýsem başgalaryň ýerine ýetirmeli işlerini hem ýerine ýetirmeli bolmagyňyz mümkin. Käbir Sünbüleler beýleki adamlaryň goýberen ýalňyşlyklaryny düzetmek üçin ep-esli wagt we güýç sarp etmeli bolarlar.
Muňa garamazdan, eden tagallalaryňyz ýerine düşer. Ilki bilen, maliýe taýdan gowy netijelere garaşyp bilersiňiz. Hepdäniň dowamynda goşmaça girdejiler gelip gowuşmagy mümkin. Käbir Sünbüleleriň öňünde bolsa ýakyn wagtda girdejiniň artmagyna şert döredýän täze hünär mümkinçilikleri açylar.
Mundan başga-da, täze hyzmatdaşlar we goldawçylar peýda bolar. Olaryň kömegi ýakyn geljekde size örän peýdaly bolar. Öň sizi ýeterlik derejede baha bermedik adamlar hem garaýyşlaryny üýtgedip, indi siziň tarapyňyzda durup bilerler.Iş ýüküniň köpdügine garamazdan, söýýän adamyňyz we beýleki ýakynlaryňyz bilen wagt geçirmek üçin mümkinçilik taparsyňyz. Hepde romantik gatnaşyklar üçin hem amatly bolar. Esasan-da, işdäki kynçylyklary şahsy durmuşyňyza geçirmezligi başarýan Sünbüleler üçin bu döwür has ýakymly geçer. Söýýän adamyňyz size adaty bolmadyk dynç alyş görnüşini ýa-da gyzykly syýahaty teklip edip biler. Şeýle pursatlar ikiňizde-de ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Hepdäniň başynda köp zat barada oýlanmaly bolarsyňyz. Käbir Mizanlar eýýäm şu döwürde geljek ýyl üçin, şol sanda hünär we iş bilen bagly meýilnamalaryny düzmäge girişerler. Emma haýsy ugra ileri tutmalydygyny kesgitlemek aňsat bolmaz. Mundan başga-da, maslahatyna bil baglaýan adamlaryňyz öz işleri bilen meşgul bolup, size gerekli goldawy berip bilmezler. Şonuň üçin öz tejribäňize we sagdyn pikirleniş ukybyňyza daýanyň.Gündelik işleriňiz hem adatdakydan biraz köp tagalla talap edip biler. Muňa garamazdan, gowy netijeleri gazanarsyňyz. Iň esasy zat, geljegi bolmadyk taslamalara wagtyňyzy we güýjüňizi sarp etmäň. Bu meselede içki duýgyňyza gulak asyň. Ol size haýsy işe üns bermelidigini, haýsysyny bolsa wagtlaýyn yza süýşürmegiň has dogry boljakdygyny görkezer.Söýýän adamyňyz we beýleki ýakynlaryňyz bilen has köp wagt geçirmäge çalşyň. Häzirki döwürde olaryň ruhy goldawy siziň üçin aýratyn ähmiýetli bolar. Bilelikdäki syýahatlary we dynç alyş çärelerini meýilleşdirip bilersiňiz. Bu size gündelik aladalardan biraz daşlaşmaga we ýakymly pursatlara ünsüňizi gönükdirmäge kömek eder. Eger köp wagtdan bäri wagt tapyp bilmedik söýgüli güýmenjäňiz bar bolsa, indi oňa täzeden dolanmagyň wagty geldi. Hatda bu işi söýýän adamyňyz bilen bilelikde ýerine ýetirip bilersiňiz. Belki-de, ol hem siziň gyzyklanmalaryňyzy paýlaşar.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu hepde birneme aladaly bolsa-da, wakalara baý we gyzykly geçer. Garaşylmadyk işler ýüze çykyp, olaryň çözgüdini derrew tapmak kyn bolup biler. Ýöne maslahatlaşyp biljek adamlaryňyzyň ýanyňyzda bolmagy size uly kömek eder. Köne tanyşlaryňyzyň biri goldaw bermegi, hatda aladalaryňyzyň bir bölegini öz üstüne almagy mümkin. Şeýle hem köp wagtdan bäri görmedik dostlaryňyz we ýakyn adamlaryňyz bilen duşuşmaga mümkinçilik dörär. Bu duşuşyklar diňe bir ýakymly bolman, eýsem peýdaly hem bolar. Olaryň dowamynda gyzykly maglumatlary eşidip bilersiňiz.Täze tanyşlyklara taýýar bolan Akraplara adamlaryň arasynda has köp bolmak maslahat berilýär. Sebäbi durmuşynda möhüm orun eýelejek biri bilen tanyşmak mümkinçiligi ýokary bolar. Söýgi gatnaşyklarynda bolsa içki duýgyňyza bil baglap bilersiňiz. Ol size kimiň bilen sazlaşykly we uzak möhletli gatnaşyklaryň bolup biljekdigini duýmaga kömek eder.Uzak wagt bäri bile ýaşaýan jübütlere käbir gündelik we amaly meseleleri çözmeli bolarlar. Ýöne bu ýagdaýda jedelleriň, düşünişmezlikleriň we birek-birege öýke-kine etmegiň öňüni almak başardar. Gaýtam, biri-biriňize goldaw berip, ýüze çykan meseleleri has aňsat çözersiňiz.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Hepdäniň başynda aladalaryňyz köp bolup biler. Ýöne siz möhüm işleri dogry kesgitläp, wagtyňyzy ähmiýetsiz zatlara sarp etmezligi başararsyňyz. Köp wagtdan bäri özüňizi we ýakynlaryňyzy oýlandyryp gelýän käbir soraglaryň jogabyny tapmagyňyz mümkin. Köp Kowuslar geljekki meýilnamalaryny anyklap, ýakyn döwürde haýsy ugra has köp üns bermelidigine düşünip bilerler. Işde kynçylyklar ýüze çykan bolsa, olary çözmegiň ýoluny hem taparsyňyz. Bu meselede täze tanyşlaryňyzyň goldawy uly kömek edip biler.
Hepdäniň ikinji ýarymy has asuda geçer. Köp Kowuslar bu döwürde şahsy gatnaşyklaryna has köp üns berip, söýýän adamy bilen bile wagt geçirmek mümkinçiligini taparlar. Bu bolsa ýoldaşyňyzy diýseň begendirer.Hepdäniň ikinji ýarymy täze tanyşlyklar üçin hem amatlydyr. Bu tanyşlyklar garaşylmadyk ýagdaýlarda bolup biler, emma muňa garamazdan, özara ýakymly duýgularyň döremegine päsgelçilik bolmaz.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01
Bu hepde käbir kynçylyklary ýeňip geçmek üçin adatdakydan has köp tagalla etmeli bolarsyňyz. Ýöne ähli zady ýeke özüňiziň çözmeli däldigiňizi ýatdan çykarmaň. Ýanyňyzda bil baglap boljak adamlar bolar. Öňden bäri hyzmatdaşlyk edip gelýän adamlaryň biri size kömek teklip edip biler. Olaryň kömegine arkaýyn bil baglap bilersiňiz. Sebäbi işler öz wagtynda we gerekli derejede ýerine ýetiriler.Täze tanyşlar bilen işleşmeli bolsaňyz, olaryň işine has köp gözegçilik etmäge we zerur bolan ýagdaýynda anyk görkezmeler bermäge taýýar boluň. Sebäbi olar siziň talaplaryňyza we garaşýan netijeleriňize düşünmek üçin biraz wagt sarp etmeli bolarlar.Hepdäniň ortalarynda işewür gatnaşyklar babatda käbir kynçylyklar ýüze çykyp biler. Bilelikdäki taslamalar boýunça ylalaşyga gelmek derrew başartmazlygy, maliýe meselelerinde bolsa pikir tapawutlarynyň ýüze çykmagy mümkin. Şeýle-de bolsa, çynlakaý dawa-jenjelleriň bolmagyna garaşylmaýar.Maliýe babatda iň amatly döwür penşenbe gününden başlanar. Täze çeşmelerden pul gelip gowuşmagy we peýdaly şertnamalary baglaşmaga mümkinçilik döremegi mümkin.
Söýgi gatnaşyklary hepdäniň dowamynda umumylykda durnukly bolar. Emma söýýän adamyňyz bilen wagt geçirmek üçin mümkinçilikleriňiz adatdakydan az bolup biler. Bu bolsa birek-birege öýke-kine etmegiňize sebäp bolup biler. Şonuň üçin açyk we ýürekden söhbetdeşlige wagt tapyň. Mümkin bolsa, bilelikde dynç almagy hem meýilleşdiriň. Bu gatnaşyklaryňyza oňyn täsir eder we ýüze çykan düşünişmezlikleri unutmaga kömek eder.
Daluw (gowa 21.01 – 20.02 )
Bu hepde garaşylmadyk wakalar köp bolup biler. Olaryň arasynda ýakymlylary-da, birneme alada döredýänleri-de bolar. Ýöne käbir işler garaşyşyňyz ýaly bolmasa, ruhdan düşmäň. Sebäbi ýagdaýyň gowulaşmagy üçin köp garaşmaly bolmazlygy mümkin.Wagtynda başlangyç görkezseňiz we ýagdaýy öz gözegçiligiňize almaga çalyşsaňyz, köp mesele üstünlikli çözüler. Häzirki döwürde wakalaryň akymyna görä hereket etmek ýerlikli bolmaz. Şeýle garaýyş käbir işleriň yza süýşmegine we möhüm meseleleriň çözülmän galmagyna getirip biler. Şonuň üçin aýgytly hereket etmäge we jogapkärçiligi öz üstüňize almaga taýýar boluň. Täze kömekçileri we hyzmatdaşlary gözlemeli bolmagyňyz hem mümkin. Ähtimal, penşenbe ýa-da anna günleri olaryň käbiri bilen tanyşarsyňyz. Şondan soň köp işiňiz ýeňilleşer.
Söýgi gatnaşyklary hepdäniň dowamynda umumylykda gowy dowam eder. Käwagt söýýän adamyňyz bilen düşünişmezlikler bolup biler, ýöne degişmä we şadyýanlyga bolan garaýşyňyz bu ýagdaýy ýeňilleşdirer. Ownuk jedeller çynlakaý mesele däl-de, soňundan ýylgyryp ýatlajak pursatlaryňyza öwrülip biler.Hepdäniň ikinji ýarymy romantik syýahatlar we duşuşyklar üçin aýratyn amatlydyr. Köp Daluwlaryň daş-töweregini üýtgedesi geler. Söýýän adamyňyz hem bu islegiňizi höwes bilen goldap biler. Şeýle dynç alyş gatnaşyklaryňyza oňyn täsir eder.Maliýe babatda hepdäniň birinji ýarymy has amatly bolar. Bu döwür şertnamalary baglaşmak we iri söwda etmek üçin gowy mümkinçilikleri döredýär. Şeýle hem ýakyn wagtda girdejiniň artmagyna şert döredýän teklipleri alyp bilersiňiz. Içki duýgyňyz garşy çykmasa, şeýle tekliplere uzak oýlanman razylyk berip bilersiňiz. Hepdäniň ikinji ýarymy hem erbet geçmez, ýöne pul bilen bagly kararlarda has seresap bolmak zerur.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Bu hepde käbir gapma-garşylykly ýagdaýlara baý bolsa-da, umumylykda siziň göwnüňizden turar. Ýakymly garaşylmadyk sowgatlar we uzak ýerlerden gelýän hoş habarlar bilen ýüzbe-ýüz bolup bilersiňiz. Mundan başga-da, gyzykly döredijilik taslamasyna ünsüňizi gönükdirip, öz ukybyňyzy görkezmäge mümkinçilik dörär.Käbir Hutlar hünär taýdan ösüş gazanar, beýlekiler täze hyzmatdaşlary tapar, ýene bir topary bolsa ýakyn wagtda girdejiniň artmagyna mümkinçilik berýän hyzmatdaşlyk tekliplerini alar. Medeniýet, sungat, bilim we ylmy barlaglar bilen meşgullanýan Hutlar üçin bu hepde hünär babatda has-da üstünlikli bolar.Şahsy gatnaşyklaryňyzda sazlaşyk höküm sürer. Söýýän adamyňyz bilen çynlakaý düşünişmezlikleriň ýüze çykmagy ähtimal däl. Käbir ownuk düşünişmezlikler bolup biler, ýöne olary tiz wagtda çözmegi başararsyňyz. Iň esasy zat, şübhe we gabanjaňlyk üçin sebäp döretmezlige çalşyň. Şeýle ýagdaý ýüze çykan halatynda bolsa, ähli zady wagtynda düşündirip, ynamy dikeltmäge çalşyň.
Hepdäniň ikinji ýarymy täze tanyşlyklar we öňki gatnaşyklary dikeltmek üçin aýratyn amatly bolar. Bir wagtlar ýakyn bolan, emma soňra aragatnaşygyňyz kesilen adam bilen täzeden habarlaşmak isleseňiz, ilkinji ädimi ätmekden çekinmäň. Ol hem siziň başlangyjyňyza şatlyk bilen jogap berer.Maliýe meselelerinde seresaplylyk zerur. Hepdäniň başynda köp Hutlar öz mümkinçiliklerinden biraz artyk pul sarp etmäge meýilli bolup bilerler. Emma tiz wagtdan maliýe ýagdaýyňyzy gowulandyrmaga mümkinçilik dörär. Munuň üçin peýdaly şertnama baglaşmak ýa-da goşmaça işi öz üstüňize almak ýeterlik bolup biler. Hepdäniň ikinji ýarymy söwda etmek üçin amatly bolar.
