DÜNÝÄMEDENIÝET

«Gorkut Ata» kinofestiwaly: türkmen filmi TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna mynasyp boldy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, 4-nji noýabrda Türkiýäniň Stambul şäherinde türki dünýäsiniň VI «Gorkut Ata» halkara kinofestiwaly badalga alypdy. Düýn bolsa, bu halkara kinofestiwaly öz işini tamamlap, ýapylyş we baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Türki dünýäsiniň kino ussatlaryny bir ýere jemlän festiwalda türkmen kinematografiýasy «Gürgenç gözeli Törebeg», «Ýeňişli ädimler» hem-de «Küştdepdi» atly filmler bilen wekilçilik edipdi.
Baýrak gowşurylyş dabarasynda «Gürgenç gözeli Törebeg» filmi TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragyna maynasyp boldy. 
Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň howandarlygynda Halkara Kino Assosiasiýasy tarapyndan guralan  VI «Gorkut Ata» halkara kinofestiwaly ýapylyş we baýrak gowşurylyş dabarasy Atatürk Medeniýet Merkezinde (AKM) geçirildi.
Türk dünýäsiniň umumy medeni mirasyny kino bilen birleşdiren VI «Gorkut Ata» halkara kinofestiwalynyň ýapylyş dabarasyna Türkiýeniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý hem gatnaşdy.
Dabarada 56 filmiň görkezilen festiwalyň iň gowy film baýragy Ensar Altaýyň režissýorlyk eden “Kanto” filmine berildi.
Türk we türki dünýäsiniň çeper eserlerini birleşdiren festiwalda jemi 30 film “Doly metražly film”, “Dokumental film” we “Gysga metražly film” bäsleşiklerinde bäsleşdi.
BAÝRAKLARA MYNASYP BOLAN ÇEPER FILMLER, REŽISSÝORLAR WE SUNGAT IŞGÄRLERI
Çeper film bäsleşiginde iň gowy film baýragy “Kanto” filmine, iň gowy režissýor baýragy bolsa “Tagiýew: Mekdep” filmi üçin Zaur Gasymla berildi.
Amina Salmanowa “Ferzana Günbatara gidýär” filmindäki roly üçin iň gowy aktrisa baýragyny, Matýokub Matçonow bolsa “Farz” filmindäki roly üçin iň gowy aktýor baýragyny gazandy.
Iň gowy ssenariý baýragy “Otuz sekiz: Soňky nokat” filmi üçin Nuržigit Haýdarowa berildi.
Fantastika filmleri üçin emin agzalarynyň ýörite baýragy “Ýusuf” filmine, TÜRKSOÝ-yň ýörite baýragy bolsa “Gürgenç gözeli Törebeg” filmine berildi.
Bu halkara kinofestiwala Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşypdy. Wekiliýetiň düzüminde Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň kinorežissýorlary, aktýordyr aktrisalary, şeýle hem ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri bardy.

Related posts

Aşgabatda medeniýet ministrleriniň maslahaty geçiriler

Yeni Yıl Tatil günü kesinleşti

vepa

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy HHR-iň Başlygynyň ýörite wekilini kabul etdi