DÜNÝÄ

Halkara Türk döwletleri hukuk kongresinde energetika hukugy boýunça mejlis geçirildi

II Halkara Türk döwletleri hukuk kongresiniň çäklerinde energetika hukugyna bagyşlanan ýörite mejlis geçirildi.
Kongresiň «Energetika hukugy» atly 10-njy mejlisine hukuk ylymlarynyň doktory, «Ata Watan Media» habarlar toparynyň baş redaktory Döwran Orazgylyjow başlyklyk etdi.
Mejlisiň dowamynda energetika pudagynyň häzirki zaman hukuk meseleleri, Türk döwletleriniň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy we täze tehnologiýalaryň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisde Ýeditepe uniwersitetiniň hukuk boýunça doktorantura talyby Taha Necati Ýawuz «Nebit hapalanmalary sebäpli ýüze çykýan zyýanyň öwezini dolmak üçin fond ulgamlary: Türk döwletleriniň önümçilik we daşaýyş pudagynyň goşandy bilen maliýeleşdirilýän model» atly ylmy çykyş etdi.
Şeýle hem Stambul Barosynyň wekili Ilker Çaglarırmak «Türk döwletleriniň arasynda zyňyndy söwdasy ulgamy we uglerod aýak yzy hukugynyň ölçegleri» atly temada çykyş etdi.
Ýeditepe uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň mugallymy Selensu Armagan bolsa «Kiçi modully reaktorlar (SMR): çeýe we ýerlikli energiýa önümçiliginde täze çözgüt modelleri» atly ylmy çykyşyny hödürledi.
Çykyşlarda energetika pudagynyň ekologik jogapkärçiligi, energiýa önümçiliginiň hukuk esaslary, daşky gurşawy goramak we Türk döwletleriniň bu ugurda hyzmatdaşlygyny ösdürmek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
II Halkara Türk döwletleri hukuk kongresi hukuk ylmy boýunça halkara akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmäge, hukuk ulgamyndaky häzirki zaman meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga we ylmy tejribe alyşmaga gönükdirilendir.

Related posts

Azerbaýjan bilen Kataryň arasynda wiza ýatyryldy

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri «Lapis Lazuli» boýunça iş duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Russiýa iş sapary başlandy