JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Iordaniýanyň Patyşasy Abdulla II bilen duşuşdy

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşygyna gatnaşan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II bilen duşuşdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

Habar berlişine görä, duşuşykda iki ýurduň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmäge giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Şeýle hem iki ýurduň Baştutanlary emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çägyrdy.

Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II bu çakylygy uly kanagatlanma bilen kabul edip, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanan döwletara gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna ygrarly bolup durýandyklaryny belledi.

Related posts

Türkmen halkynyň Milli Lideri Mintimer Şaýmiýew bilen duşuşdy

Türkmen wekiliýeti Limburg welaýatynyň häkimi bilen halkara atçylyk-sport çäresini maslahatlaşdy

Täze “super” ak reňk tapyldy

Ata Watan Eserleri