JEMGYÝET

Täze “super” ak reňk tapyldy

Amerikanyň “Perdýu” adyndaky uniwersitetiniň hünärmenleri 95,5% göterim Gün şöhlelerini serpikdirmäge mümkiçlik berýän, aşa ýokary hilli ak boýagy döretdiler. Boýagyň düzüminde kalsiý karbonatyň saklanmagy täze reňkiňö aşa ak bolmagyna getirýär. Şeýle hem ol ultramelewşe reňkiň siňdirilmegini azaldýar. Diňe Gün şöhlesini serpikdirmek bilen çäklenmän, beýleki himiki serişdelerden arzan bolup durýar.

Alymlar täze boýagyň kömegi bilen howanyň üýtgemegine garşy göreşmegi meýilleşdirýärler, sebäbi ýagtylygy şöhlelendirip ýylylygy kosmosa ýaýradýar. Mundan başga-da bu boýag bilen üçegi boýap, adamlar elektrik toguny köp tygşytlap bilerler diýip, “Artnet News” habar berýär.

Bu boýagy enjamlaryň aşa gyzmagynyň öňüni almak üçin, sowadyş tehnologiýalaryny ulanmak netijesinde howanyň aşa gyzmagy sebäpli howanyň täsirini azaltmak üçin we şuňa meňzeş ugurlarda ulanyp bolar diýip, alymlar belleýär.

Şeýle hem alymlar ýokary hilli ak boýagyň ýuwujy serişdelere, tozana we suwa garşylygyny kesgitlemek boýunça gözlegler geçirerler. Häzirki wagtda hünärmenler birmeňzeş häsiýetli, ýöne dürli öwüşginli boýaglaryň döretmegiň üstünde işleýärler.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

Ýene-de okaň

Mukamlar köşgünde 2026-njy ýylda geçiriljek baýramçylyk çärelerine bagyşlanan dabaraly mejlis geçirildi

Fransiýanyň ýygyndysy dünýä çempionatlarynda 150 gol geçiren 4-nji topar boldy

Daşoguzda pagta egriji fabriginde täze önümçilik desgasy açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy