BIZNES

Türkmenistan Hytaýdaky halkara import sergisine gatnaşýar

2026-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde 9-njy Hytaý halkara import harytlary sergisi (CIIE 2026) dabaraly açyldy. “Täze eýýam – umumy geljek” şygary astynda geçirilýän iri halkara çärä Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň gatnaşmagynda guralan milli pawilýon ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, eksport mümkinçiliklerini we milli önüm öndürijileriniň gazanan üstünliklerini dünýä jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrýan möhüm meýdança bolup durýar.

Türkmenistanyň milli pawilýonynda ýurdumyzyň dokma, himiýa, oba hojalyk we senagat pudaklarynda öndürilýän ýokary hilli, eksporta gönükdirilen önümleriň dürli görnüşleri görkezilýär. Milli önümleriň halkara sergide giňden tanyşdyrylmagy ýurdumyzyň önümçilik kuwwatynyň, ykdysady ösüşiniň hem-de dünýä bazarlarynda öz ornuny pugtalandyrmaga bolan mümkinçilikleriniň aýdyň beýanydyr.

Pawilýon sergä gatnaşyjylara Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri, ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugurlary, baý taryhy we medeni mirasy bilen tanyşmaga hem giň mümkinçilik döredýär. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara ykdysady giňişligindäki ornuny pugtalandyrmakda, milli önümleriň daşary ýurtlarda tanalmagyny üpjün etmekde we täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýedir.

Şu ýyl dünýäniň 162 ýurdundan, sebitlerinden we halkara guramalaryndan wekilleri bir ýere jemlän sergide 4100-den gowrak gatnaşyjynyň önümleri we hyzmatlary görkezilýär. Açylyş dabarasyna 30-dan gowrak ýurtdan we halkara guramadan ýokary derejeli myhmanlaryň gatnaşmagy çäräniň halkara ähmiýetini aýdyň görkezýär.

Açylyş dabarasynda Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýer-ministriniň orunbasary Din Sýuesýan Hytaýyň açyklyk syýasatyna ygrarlydygyny, halkara söwdasyny giňeltmäge we daşary ýurtly maýadarlar üçin amatly şertleri döretmäge aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. Şeýle hem Hytaýyň dünýä ykdysadyýetiniň ösüşinde möhüm hyzmatdaş bolup galýandygyny bellenildi.

Şanhaýda geçirilýän 9-njy Hytaý halkara import harytlary sergisi Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, özara bähbitli gatnaşyklary täze ugurlar boýunça giňeltmek hem-de türkmen önümleriniň halkara bazarlardaky ornuny pugtalandyrmak üçin möhüm mümkinçilikleri açýar. Türkmenistanyň milli pawilýonynyň bu iri halkara çärä gatnaşmagy ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýandygyny we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.

Related posts

Birža täzelikleri: Birleşen Arap Emirlikleriniň täjirleri nah ýüplük satyn aldylar

«Tatneft» – Hazar deňziniň türkmen zolagynda gözleg işlerine gatnaşyp biler

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde durnukly ösüş saklanyp galýar