DÜNÝÄ

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi Kapuryň Türkmenistana sapary

2026-njy ýylyň 3-4-nji noýabrynda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisi S. Pol Kapur Türkmenistanda saparda boldy. ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubionyň Merkezi Aziýa amala aşyran taryhy saparynyň yzysüre geçirilen bu sapar Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda-ykdysady, energetika we medeni gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga gönükdirildi.

3-nji noýabrda Döwlet sekretarynyň kömekçisi Kapur türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň noýabrynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen geçiren duşuşygynyň dowamy hökmünde geçirilen pikir alyşmalarda Döwlet sekretarynyň kömekçisi Kapur duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen halkynyň Milli Liderine minnetdarlyk bildirdi we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň özygtyýarly, garaşsyz hem-de gülläp ösýän Türkmenistany goldaýandygyny nygtady.

Şeýle hem şol gün Döwlet sekretarynyň kömekçisi Kapur bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ABŞ-Türkmenistan ýyllyk ikitaraplaýyn geňeşmelerine bilelikde ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeler 19-njy oktýabrda Samarkantda geçirilen «C5+1» formatyndaky ministrler duşuşygynda ABŞ bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öňe süren umumy garaýyşlaryndan ugur alnyp geçirildi. Iki ýurduň wekiliýetleri söwda, maýa goýumlary, Hazarüsti geçelgesi boýunça arabaglanyşyk, howpsuzlyk ulgamyndaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem bilim we medeni alyş-çalyş ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň 2025-2026-njy ýyllarda «C5+1» sekretariatynyň egindeş başlygy hökmünde alyp baran işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Saparynyň dowamynda Döwlet sekretarynyň kömekçisi Kapur dürli hyzmatdaşlar bilen hem duşuşdy. Ol amerikan we türkmen işewürleri bilen Türkmenistanda amerikan maýa goýumlaryny we söwda mümkinçiliklerini giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdy. Şeýle hem Aşgabatdaky Amerikan merkezine baryp, bu ýerde türkmen raýatlaryna tölegsiz hödürlenýän iňlis dili, hünär başarnyklaryny ösdürmek, işewürligi ösdürmek we amerikan medeniýeti bilen tanyşdyrmak boýunça maksatnamalar bilen ýakyndan tanyşdy. Döwlet sekretarynyň kömekçisi Kapur Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarlylygynyň nyşany bolan ABŞ Ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk meýdançasyna hem baryp gördi.

Saparynyň ahyrynda ol ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Kristin Hokinsiň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň sapary mynasybetli guran kabul edişligine gatnaşdy. Çärä Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň wekilleri, amerikan we türkmen işewürleri, ABŞ-nyň hökümetiniň alyş-çalyş maksatnamalarynyň uçurymlary hem-de diplomatik wekilhanalaryň wekilleri gatnaşdylar.

«Iki ýurdumyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda ABŞ bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hiç haçan häzirki ýaly giň bolmandy. Geljekki nesilleriň bähbidine has-da berk we gülläp ösýän gatnaşyklary gurmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys» diýip, Döwlet sekretarynyň kömekçisi Kapur belledi.

Related posts

“Petronas” kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyny belleýär

Kasym-Žomart Toakaýew saýlawlarda ýeňiş gazandy

Fransiýa çagalar üçin jemgyýetçilik torlaryny gadagan etjek ikinji ýurt bolar