SPORT

Kristiano Ronaldo Özbegistana gelmedi

Portugaliýaly futbolçy, Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi hem-de kapitany Kristinao Ronaldo «Pahtakor» toparyna garşy geçiriljek duşuşyga gatnaşmaýar. Bu barada Özbegistanyň Futbol Assosiasiýasy habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Ronaldo AFK-nyň Çempionlar ligasynyň Elita tapgyrynyň 4-nji tapgyrynyň çäklerinde geçiriljek «Pahtakor» toparyna garşy duşuşyk üçin Daşkende gelmedi.

Ýaryşyň dördünji tapgyrynyň duşuşygy 2-nji noýabrda Daşkent şäherinde geçiriler. «Al-Nasr» topary 31-nji oktýabrda hususy uçar bilen Özbegistana geldi. Duşuşykdan soňra toparyň wekiliýeti Saud Arabystanyna dolanyp, 6-njy noýabrda meýilleşdirilen «Al-Hazm» toparyna garşy oýna taýýarlyk görüp başlar.

Şeýle hem toparyň baş tälimçisi Ange Postekoglu Özbegistana ugur alan oýunçylaryň sanawyna goragçy Mohamed Simakan bilen ganat hüjümçisi Kingsli Komany hem goşmady.

Related posts

Gattuzo ozalky toparyny ýeňip bilmedi

Dünýä çempionaty-2026: Gonkong:2 – 2: Türkmenistan

Ata Watan Eserleri

“Ýuwentus” toparyna täze tälimçi bellendi