Azerbaýjan tebigy gazyň halkara bazarlaryna ygtybarly iberilmegini we eksport ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny energetika howpsuzlygyny ösdürmegiň esasy ugurlary hökmünde bahalandyrýar.
Report.az neşiriniň habar bermegine görä, bu barada Azerbaýjanyň energetika ministri Parwiz Şahbazow özüniň “X” sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy.
Ol Moskwada geçirilen Gazy eksport edýän ýurtlaryň forumynyň (GECF) 8-nji sammitinde çykyş edip, tebigy gazyň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekdäki ornunyň barha artýandygyny, ygtybarly gaz üpjünçiliginiň, uzak möhletleýin maýa goýumlaryň we halkara hyzmatdaşlygynyň möhümdigini nygtady.
Ministr Azerbaýjanyň häzirki wagtda 16 ýurda tebigy gaz iberýändigini hem-de eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak we ygtybarly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek arkaly energetika howpsuzlygyna goşant goşýandygyny belledi.
Azerbaýjanyň energetika strategiýasy barada durup geçen Şahbazow Günorta gaz geçelgesiniň gaz üpjünçiliginiň täze ugurlaryny döretmek, bazarlary diwersifikasiýalaşdyrmak we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek babatda möhüm strategik ähmiýete eýedigini nygtady.
«Takmynan 20 ýyl bäri gaz eksport ediji ýurt bolan Azerbaýjan soňky 6 ýylyň dowamynda Ýewropa bazaryndaky gaz üpjünçiliginiň geografiýasyny ep-esli giňeldip, Merkezi Ýewropa sebitine, şeýle hem Ýakyn Gündogar ýurtlaryna çykmak mümkinçiligini gazandy.
Häzirki wagtda 16 döwlete tebigy gaz iberýän Azerbaýjan turbageçirijiler arkaly eksport edilýän gazyň geografik gerimi boýunça dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär.
Şu güne çenli Türkiýä 131 milliard kub metr, Ýewropa 66 milliard kub metrden gowrak, Gruziýa 37 milliard kub metrden gowrak, Siriýa bolsa 1,7 milliard kub metr tebigy gaz iberildi» diýip, ministr habar berdi.
Ol Azerbaýjanyň energetika we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge esaslanýan deňagramly syýasaty alyp barýandygyny mälim etdi. Ministr şeýle hem Azerbaýjanyň Prezidentiniň ýaşyl energetika geçişini energetika pudagyndaky hakyky ýagdaýlary nazara almak bilen amala aşyrmagyň zerurdygy baradaky garaýşyna ünsi çekdi.
Bellenilişi ýaly, Azerbaýjan tebigy gaz gorlaryny we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini utgaşykly ösdürmek arkaly ýurduň içerki energiýa üpjünçiligini pugtalandyrýar hem-de eksport üçin goşmaça energiýa serişdelerini döredýär.
Çykyşyň ahyrynda Azerbaýjanyň Gazy eksport edýän ýurtlaryň forumynyň (GECF) çäklerinde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmäge ygrarlydygy beýan edildi.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Azerbaýjanyň durnukly we ygtybarly hyzmatdaşdygyny belledi. Şeýle hem ol Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen dürli ugurlarda, şol sanda energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri boýunça işjeň gepleşikleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
