BIZNES

Türkmenistan we Özbegistan halkara ýük gatnamalarynda wiza amallaryny ýönekeýleşdirer

Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň habaryna görä, Özbegistan bilen Türkmenistan arasynda halkara awtomobil gatnamalarynda ýygnalan ýygymlar we tölegler boýunça türkmen-özbek hünärmenler toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisde taraplar aşakdaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar:

  • Halkara ýük daşamalarda Özbegistanda we Türkmenistanda ýük daşaýjylardan ýygnalýan ýygymlary we tölegleri optimizirlemek.
  • Özbegistanyň we Türkmenistanyň çäginden halkara ýük daşamagyna gatnaşyjylara wiza almak amallaryny ýönekeýleşdirmek üçin hökümetara şertnamanyň taslamasyna gol çekilmegini çaltlaşdyrmak.

Şeýle hem türkmen tarapy özbek tarapynyň “E-permit” ulgamyna geçmek babatdaky tejribesine gyzyklanma bildirdi.

Related posts

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekiliýetiniň BAE iş sapary tamamlandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan 2027-nji ýylda TOPH arkaly Owganystana gaz ibermegi meýilleşdirýär

Türkmen Lideri: Sporcular Barış Elçileri

vepa