BIZNES

Türkmenistan Hazarüsti gaz geçirijisini tebigy gaz bilen üpjün etmäge taýýar

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigine (ÝB) gaz ibermek meýilleşdirilýän Hazarüsti gaz geçirijisini tebigy gaz bilen üpjün etmäge taýýardyr we bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine gyzyklanma bildirýär. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew žurnalistlere beren beýanatynda mälim etdi.

«Hazarüsti gaz geçirijisine bolan gyzyklanmamyz barada aýdylanda, Hazarüsti taslamasy Türkmenistan üçin hemişe gyzykly bolup gelýär. Bu taslama bizi diňe gaz geçirijisi hökmünde däl, eýsem, tutuş Hazarüsti geçelgesi hökmünde hem gyzyklandyrýar. Muňa kabel çekmek, logistika ugry we port infrastrukturasyny ösdürmek hem girýär. Biz Hazarüsti ugruny tebigy gaz bilen üpjün etmäge taýýardyrys. Munuň üçin taslamany zerur çig mal, ýagny tebigy gaz bilen üpjün etmek maksady bilen «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň nobatdaky tapgyryny amala aşyrmak zerurdyr» diýip, ol «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly halkara maslahatynyň jemleri boýunça geçirilen metbugat maslahatynda aýtdy.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026» atly halkara maslahat we sergi 21–23-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçirildi. Çärä 75 ýurtdan wekiller we kärhanalar, Türkmenistanyň energetika pudagynda işleýän ýerli kompaniýalar, degişli ministrlikler, pudaklaýyn edaralar hem-de halkara guramalar gatnaşdylar.

Related posts

Türkmenistan ile Kırgızistan stratejik ortak oldular

vepa

“SpaceX” dünýädäki iň gymmatly hususy startap kompaniýasy boldy

Abu-Dabiniň Ösüş Gaznasy Türkmenistana maýa goýýar