Malaýziýanyň “Petronas” nebit we gaz kompaniýasy ýurtda 30 ýyllap işlän döwründe Türkmenistana 12 milliard dollardan gowrak maýa goýdy. “Petronas”-yň baş operasiýa direktory we ýerine ýetiriji wise-prezidenti, “Upstream” bölüminiň baş müdiri Mohd Jukris Abdul Wahab bu barada Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy 2026” (OGT 2026) halkara maslahatynda aýtdy.
“Şu ýyllaryň dowamynda “Petronas” infrastrukturany, önümçilik mümkinçiliklerini we işgärleri taýýarlamak üçin Türkmenistana 12 milliard dollardan gowrak maýa goýdy” diýip, Wahab aýtdy.
Onuň bellemeginee görä, kompaniýanyň häzirki wagtda ýurtda amala aşyrýan işleri deňiz önümçilik desgalaryny, gazy gaýtadan işleýän toplumy, Gyýanly terminalyny we degişli infrastrukturany öz içine alýar.
Wahab “Petronas” kompaniýasynyň uzak möhletli işjeňliginiň täze ylalaşyklar, şol sanda 19-njy we 20-nji deňiz bloklary boýunça ylalaşyklar, demirgazyk deňiz bloklarynda seýsmiki barlaglar we 1-nji blok üçin önümçiligi paýlaşmak baradaky şertnamanyň uzaldylmagy bilen berkidilýändigini belledi.
“Geljegiň ygtybarly energiýasy şu gün diňe bir serişdelere we infrastruktura däl, eýsem tehnologiýa, ygtyýarlyklar we uzak möhletli ösüşi goldaýan esaslara hem durnukly maýa goýumlaryny talap edýär” diýip, ol nygtady.
Ýokarky akym bölüminiň başlygy şeýle hem “Petronas” kompaniýasynyň sebit energiýa üpjünçiligi we isleg merkezlerini birleşdirmekde has möhüm rol oýnamaga taýýardygyny mälim etdi.
“Petronas” öz energiýa pudagyny has-da ösdürmek üçin Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ygrarly galýar” diýip, ol aýtdy.
“Petronas” 1996-njy ýyldan bäri Türkmenistanda işleýär.
