Zenan toparlarynyň arasynda geçiriljek ilkinji klublar arasyndaky dünýä çempionaty ABŞ-da geçiriler. Bu barada Halkara Futbol Assosiasiýalarynyň Federasiýasynyň (FIFA) metbugat gullugy habar berdi.
Ýaryş 2028-nji ýylyň 5 — 30-njy ýanwary aralygynda geçiriler.
“Bu karar ABŞ-nyň ýaryşlary guramakdaky tejribesi, infrastrukturasynyň we hyzmatlarynyň ösen derejesi, şeýle hem ýurtda zenan futbolyna bolan gyzyklanma göz öňünde tutulyp kabul edildi. Ýaryşyň mümkün boldugyça ýokary derejede geçmegini üpjün etmek üçin, gatnaşmaga rugsatnamalar 2024-nji we 2027-nji ýyllarda tamamlanýan möwsümleri öz içine alýan dört ýyllyk saýlama döwrüniň dowamynda toparlaryň öz konfederasiýasynyň baş klub ýaryşyndaky sport netijeleriniň esasynda berler” diýlip habarda bellenilýär.
2025-nji ýylda FIFA zenan toparlarynyň arasynda ilkinji klublar arasyndaky dünýä çempionatyny 2028-nji ýylda geçirmek meýilnamalary barada habar beripdi. Ýewropa Futbol Assosiasiýalarynyň Bileleşigi ýaryşyň final tapgyryna göni 5 sany hem-de pleý-in ýaryşyna 1 sany çakylyk alar; Azia Futbol Konfederasiýasy, Afrika Futbol Konfederasiýasy, Demirgazyk we Merkezi Dünýä Futbol Konfederasiýasy hem-de Günorta Amerika Futbol Konfederasiýasy — hersi göni 2 sany orun we pleý-in tapgyryna 1 sany orun alar; Okeaniýa Futbol Konfederasiýasy bolsa pleý-in tapgyryna 1 orun alar. Pleý-in tapgyrynyň 3 ýeňijisi toparlaýyn tapgyrda 13 topara goşular. Klublar arasyndaky dünýä çempionaty her dört ýyldan bir gezek geçiriler.
