Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Ispaniýanyň “Atletiko Madrid” futbol klubynyň baş direktory Migel Anhel Hil Marin bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada döwlet Baştutanynyň metbugat gullugy habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda Tokaýew Gazagystanyň häzirki zaman futbol infrastrukturasyna işjeň maýa goýýandygy barada aýtdy. Ol häzirki wagtda ýurtda Halkara Futbol Assosiasiýalarynyň Federasiýasy (FIFA) bilen bilelikde ähli sebitlerde çagalar üçin 100-den gowrak täze futbol meýdançasyny döretmek boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyny nygtady.
Prezident, şeýle hem, Ispaniýanyň futbol boýunça ýygyndy toparynyň gazanan üstünliklerini aýratyn belläp geçdi we gazak oýunçylarynyň täze neslini taýýarlamak üçin tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirdi.
Metbugat gullugy “Atletiko”-nyň baş direktorynyň Gazagystanda futbolyň ösdürilmegi ugrundaky taýsyz tagallalary üçin Prezidente minnetdarlyk bildirendigini we Almaty şäherindäki “Atletiko” akademiýasynyň işine ýokary baha berendigi belleýär.
Mundan başga-da, Tokaýew Migel Anhel Hil Marini Gazagystanda futbolyň ösmegine goşan goşandyny göz öňünde tutup, II derejeli “Dostlyk” ordeni bilen sylaglady.
