Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda tebigy gazyň söwda dolanyşygy 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli 477 milliard kub metre ýetdi. Bu barada Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC International Ltd.) Türkmenistandaky şahamçasynyň baş direktory Du Ýuýmin «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly 31-nji halkara maslahatynda we sergisindäki çykyşynda belledi.
Du Ýuýminiň bellemegine görä, soňky iki onýyllykda iki ýurduň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşlygyň möhüm nusgasyna öwrüldi.
Hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň möhüm wakalarynyň biri 2026-njy ýylyň 17-nji aprelinde Mary welaýatynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň IV tapgyrynyň işlerine badalga berilmegi boldy. Çärä türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagy taslamanyň ähmiýetini görkezdi.
CNPC türkmen hyzmatdaşlary bilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi dowam etdirmegi, önümçilikde döwrebap tehnologiýalary we sanly çözgütleri ornaşdyrmagy, işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagy hem-de ekologiýa jogapkärçiligine aýratyn üns bermegi maksat edinýär.
Du Ýuýmin «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, şeýle hem «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň energetika taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.
